Hakas Türkçesi
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 19-njy bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen birlikde. Gepleşigimiziň öňki bölüminde taryhyň dowamynda tapawutly toparlar we tapawutly alymlar tarapyndan biri-birinden üýtgeşik atlar bilen aýdylyp geçilen, emma özlerini Tywa we Tywa Kiji diýip atlandyran Tywa türkleri, Tywa türkleriniň ýaşan ýerleri we Tywa türkçesi barada gürrüň beripdik. Şu gün bolsa türk taryhynyň we medeniýetiniň barlygyny ençeme asyrlap dowam etdirýän Sibir sebitiniň iň köne türk halklarynyň biri bolan Hakas türkleri, Hakas türkleriniň ýaşan ýerleri we Hakas türkçesi barada gürrüň bermek isleýäris.
Ylmy çeşmelerde Minusin, Abakan ýa-da Ýeniseý tatarlary diýlip atlandyrylan Hakas türkleri Günorta Sibirde ýaşaýan iň gadymy türki halklarynyň biridir. Hytaý çeşmelerinden alnan maglumatlara görä, emele geliş taryhy VIII - IX asyrlara çenli uzap gidýän we etniki gelip çykyşy boýunça Ýeniseý gyrgyzlary bilen arabaglanyşygy bardygy kabul edilýän Hakas türkleri, Russiýa patyşalygy döwründe beýleki türki taýpalar ýaly tatarlar diýlip atlandyrylypdy. Hakas türkleri häzirki Hakas ady bilen Oktýabr Rewolýusiýasyndan soň, has anyk aýdylanda, meşhur taryhçy Nikolaý Kozminiň pikirleriniň täsiri astynda Tang nesilşalygynyň ýylnamalarynyň esasynda Orta Ýeniseý derýasynyň jülgelerinde gurlan Hýagas Döwletinden ylham alnyp, 1917-nji ýylyň 20-30-njy iýul aralygynda Çarkow obasynda geçirilen milli gurultaýdan soň atlandyrylmaga başlandy.
Hakas türkleri esasan Russiýa Federasiýasynyň düzümindäki paýtagty Abakan şäheri bolan Hakas Respublikasynda ýaşaýarlar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky statistiki maglumatlara görä, ýurduň ilaty 530 200 adam, emma Hakas türkleri bu ilatyň diňe 12,71 göterimine deňdir. Hakaslar şeýle hem Krasnoýarsk welaýatynyň we Tywa Respublikasynyň dürli obalarynda we şäherlerinde tapawutly köplükde we görnüşde ýaşaýarlar.
Hakas türkleriniň köpçülikleýin ýagdaýda ýaşaýan Hakas Respublikasynyň çäkleri iň gadymy türk taryhynyň we medeniýetiniň ýaşan gadymy sebitdir. Bu sebit ruslar tarapyndan basylyp alynmazdan öň, ýene-de ruslar tarapyndan Gyrgyz topraklary diýlip atlandyrylýardy. Sebit ruslar tarapyndan basylyp alnandan soň, Beýik Pýotr ýa-da Birinji Pýotryň 1707-nji ýyldaky permany boýunça Russiýa Patyşalygy imperiýasyna Minusinsk sebiti hökmünde birikdirildi. Soňra SSSR-iň düzüminde bolan Hakas topraklary, 1991-nji ýylyň iýun aýynda Hakas Awtonom Oblastyndan Hakas Respublikasyna öwrüldi.
Taryhy dini şamanizmiň käbir elementleri bilen birlikde Hristian dinini kabul eden Hakas türkleriniň ene dilleri, häzirki wagtda gepleşilýän türk dialektleirniň arasynda köne Gyrgyz diline ýakyn bolmak bilen birlikde, umumy aýratynlyklary taýdan bolsa Fuýu türkçesine, Şorja we Sary Uýgur türkçelerine ýakyndyr. Türk şiweleriniň geografiki we dil ýörelgelerine laýyklykda klassifikasiýasynda Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir toparyna degişlidir.
Ýazuw dili hökmünde Sibirdäki beýleki türk asylly jemgyýetler ýaly Köne Türk Runa ýazuwyny giňden ulanandyklary bilinýän Hakas türkleriniň ýazuw dili däbi Türk-Mongol basyp alyşlygy döwründe kesildi. Ondan soň rus häkimýetine çenli bolan aralykda Hakas hanlary “Kalmyk ýazuwyny” öwrenip, hat alyşmalarda mongol dilini ulanypdyrlar. XVII. Asyrdan bäri takmynan 270 ýyl Rus imperiýasy, ondan soň SSSR we soňky gezek bolsa Russiýa Federasiýasyna degişli bolup, ruslar bilen gatnaşykda bolan Hakas türkleri 1924-1926-njy ýyllardan başlap rus elipbiýi esasynda taýarlanan Hakas elipbiýini ulanmaga başladylar.
Sibirdäki beýleki şiwelere görä, gepleşýänleriň sany az bolan Hakas türkçesi şu günki gün umuman alnanda rus diliniň täsiri astyndadyr. Bu täsir gürleýiş dilinde has hem duýulýar. Esasan hem XX asyryň dowamynda rus dili, Hakas türkçesine garşy güýçli bir basyş emele getirdi, diliň jemgyýetçilik ugrundaky ulanylşyny çäklendirdi we gepleşýänleriň sanynyň azalmagyna sebäp boldy. Şol sebäpli Hakas türkçesi häzirki günde esasan hem obalyk ýerlerde we ilatyň ýaşuly gatlagynyň arasynda gepleşilýär, ýaşlaryň arasynda ulanylşy azaldy. 1990-njy ýyllarda SSSR-iň dargamagyndan soň Hakasiýadaky Hakas türkçesini janladyrmak tapgyry tizleşdirildi, mekdeplerde Hakas türk dilinde berilýän dersleriň sany artdyryldy, Hakas dili bilen bagly okuw meýilnamalary ýaýbaňlandyryldy we iň esasy zat bolsa Hakas respublikasynyň resmi dili ýagdaýyna gelen hem bolsa, rus dili häzirki wagtda hem agalyk ediji dil bolanlygy sebäpli, şol tizleşdirme tagallalary çäkli galdy. Şol sebäpli Hakas türkçesi ÝUNESKO-nyň 2010-njy ýylda çap eden “Howp astyndaky dilleriň Gyzyl kitabynda” “Howp astynda bolan diller” kategoriýasyna girizildi.