Malatýa Ysmanakly turşy frikadelka nahary

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2212901
Malatýa Ysmanakly turşy frikadelka nahary

Türkiyäniň taryhy şäherleriniň biri bolan Malatýa şäherine mahsus bir nahar bolan Ysmanakly turşy frikadelka nahary, Malatýanyň Ýeşilýurt etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Ysmanakly turşy frikadelka naharynyň taýarlanylşynda owradulan bugdaý, ysmanak, sogan, ýaşyl merjimek, burç we pomidor goýutmasy bilen Malatýanyň gografiki taýdan hasaba alynan önümleriň biri bolan Malatýa erik turşusy ulanylýar. Ilki bilen owradylan bugdaý az mukdardaky duz bilen garyşdyrlyp, birnäçe wagt gyzgyn suwda garaşdyrylýar. Suwuny özüne çekip ýumşan bugdaý, ýugrulyp hamyr görnüşine getirilýär. Hamyr örän kiçijek böleklere bölünip, eliň aýasy bilen kiçijek tegelek görnüşe getirilýär. Inçe dogralan soganlar, saçda gülgüne reňke gelýänçe çenli ýagda gowrulýar. Üstüne burç we pomidor goýutmasy goşulyp ereýänçä çenli garyşdyrylýar. Şol ergine suw we merjimek goşulyp, ýene-de 20 minut gaýnadylýar. Frikadelkalar bolsa aýratyn bir saçda 5 minut bişirilýär. Inçe dogralan ysmanak goşulanyndan soň, iki aýry ergin birleşdirilýär we pes otda 30 minut bişirilýär. Nahara turşy bir tagam berilmegi üçin bolsa Malatýa erik turşusy goşulyp, oduň aşagy öçürilýär. Ysmanakly turşy frikadelka nahary gyzgyn görnüşde hödür-kerem edilýär.  



Degişli Habarlar