Gazak halkynyň görnükli şahsyýetlerinden biri, döwlet adamsy, türki dünýäniň ýazyjysy Tölen Abdikuly
Türk dünýäsine bagşedilen ömürler
Tölen Abdikuly gazak edebiýatynyň öňdebaryjy wekillerinden biridir we eserleri bilen hem gazak halkynyň hem-de türki halklaryň göwnünde tagt guran ýazyjydyr.
Tölen Abdikuly 1942-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Kostanaý welaýatynyň Jangeldi etrabynyň Enbek şäherinde dünýä inýär. 1965-nji ýylda Gazagystanyň döwlet uniwersitetini tamamlaýar. 1965-70-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň “Pioner” gazetinde edebiýatşynas, bölüm müdiri we baş redaktoryň orunbasary bolup işleýär. 1977-nji we 1979-njy ýyllar aralygynda Gazagystanyň kinostudiýasynda baş redaktor bolup işleýär. 1994-nji ýylda Gazagystanyň prezidentiniň orunbasary we 1997-nji ýylda Gazagystanyň içerki syýasat bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işleýar.
Tölen Abdikuliniň ilkinji eserleri 1964-nji ýylda çap edilip başlanýar. 1964-nji ýylda “Gözýetim”, 1971-nji ýylda “Güýz ýapragy”, 1974-nji ýylda “Hakykat” we 1979-njy ýylda “Aýdylmadyk hakykat” atly hekaýalary çap edilýär. Gazaklaryň kolhozlaşan we oturymly ýaşaýyşa geçen döwürlerini gürrüň berýän şol hekaýalarda halk dilindäki däp-dessurlar ussatlarça işlenip, taryhy ýaşlara ýetirme maksadynyň yany bilen Sowet dolanşygyna hem möhüm bellikler aýdylýar. “Ärdem Fronty” we “Durmuş ýa-da şöhrat” atly hekaýalary ýazylan döwründäki edebiýatçylardan ýokary baha aldy. Öz eserlerinde durmuşyň hakykatlaryna filosofiki nukdaýnazardan baha beripdir we olary ussatlyk bilen beýan edipdir. Eserleri ençeme daşary ýurt dillerine, esasanam rus diline we beýleki Sowet Sosialistik Respublikalarynyň dillerine terjime edildi.
Ýazyjy Sowet döwründe beren interwýusynda: "Halka garşy işleýänleriň, erbet adamlaryň, başga biriniň arkasynda gizlenýänleriň, halky aldaýan ýalançylaryň, jenaýat edenleriň, para alýanlaryň we para berýänleriň ählisi meniň duşmanym." Emma meniň ne gönüden-göni söweşmäge güýjüm, ne-de wagtym bar. Mendäki ýekeje ýarag meniň galamym. Eger men öz eserlerimde ýokardaky aýdanlarymy dogry düşündirip bilsem, meniň bu göreşdäki üstünligim bolar” diýýär.
Görşüňiz ýaly awtor Sowet Soýuzy dargandan soň garaşsyz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji ýyllarynda hem içerki duşmanlara garşy göreşini dowam etdirýär.
Sowetleriň dargamagy Abdikuly ýaly intellektuallar tarapyndan uly şatlyk bilen garşylandy. Şeýle-de bolsa, bu täze döwürde ýurduň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady we syýasy kynçylyklary Tölen Abdikuliniň eserlerinde-de öz beýanyny tapýär. Öz nukdaýnazaryndan garaşsyzlykdan soňky jemgyýetiň kynçylyklaryny, täze dolanşyk ugrundaky tagallalary we eserlerinde raýatlaryň başdan geçiren medeni kynçylyklaryny işleýar.
Tölen Abdikuly garaşsyzlyga geçiş döwründe syýasatda we edebiýatda işjeň rol oýnady we Gazagystanyň mejlisinde deputat bolup işleýär. Ýazyjynyň bu özboluşlygy soňraky edebi eserlerinde öz beýanyny tapýar we eserlerinde syýasy hem-de jemgyýetçilik meseleler möhüm orny eýeleýär. Tölen Abdikuly sungatyň we edebiýatyň jemgyýetiň özgermegi üçin möhüm faktordygyna ynanýan ýazyjylaryň biridi. Şonuň üçinem köplenç öz eserlerinde syýasy we jemgyýetçilik tankytlarahem-de derňewlere giňden orun berýär.
Eserlerini umuman sada dilde ýazan ýazyjy, gazak halkynyň başdan geçirän kynçylyklary we içki dünýäsi bilen içgin gyzyklanýar. Sebäbi awtoryň özem Sowet döwründe öz milletiniň betbagtçylygyny we garaşsyzlykdan soňky ilkinji ýyllaryň başagaýlygyny başdan geçirdi. Bu nukdaýnazardan diňe bir Gazagystandan däl, eýsem tutuş türki dünýäden we beýleki ýurtlardanam giň okyjy köpçüligine ýetmegi başardy. Tölen Abdikuliniň eserleriniň ähliumumy okyjylary tapmagynyň ýene bir sebäbi, her medeniýetden okyjylara özlerini tapmaga mümkinçilik döredýär, ýagny her bir medeniýetde düşnükli usulda ýazma ukybyna eýe.
Ömrüniň dowamynda göreşini galamy bilen alyp baran Tölen Abdikuly Gazagystan Respublikasynyň "Döwlet baýragyna", "PEN-klub" baýragyna we Franz Kafkanyň adyny göterýän Ýewropanyň "Altyn medalyna” laýyk görülýär. VI. 2013-nji ýylda Türk dünýäsiniň Edebi žurnallary maslahaty tarapyndan Türki dünýäde ýylyň edebiýatçysy diýlip yglan edildi.
Awtoryň hekaýalary Gazagystanyň orta mekdepleriniň 7-nji we 8-nji synp okuwçylarynyň edebiýat dersiniň meýilnamasyna girizildi. “Batiş Gyz” we “Sag el Erseýid” hekaýalaryna esaslanylyp kio-film surata düşürildi.
Tölen Abdikuliniň diňe bir gazak halky üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhüm intellektualdygyny ynam bilen aýdyp bileris. Eserleri bilen adam ruhunyň çuňlugyna giren Abdikuly, jemgyýetçilik we syýasy meseleler baradaky pikirleri bilen-de uly täsir galdyrdy. Onuň galamy gazak halkynyň taryhyny, medeniýetini we meselelerini dünýä tanadan güýç boldy. Gazak edebiýatynyň beýik wekili bize diňe bir eserlerindäki hekaýalary däl, eýsem adamyň çuňňur instinktiw duýgularyny hem hödürleýär.