Litiý Ýeňil Emma Gymmat Bahalydyr
Çünki
Gepleşigimiziň bu sanynda döwrümiziň ähmiýeti günsaýyn artýan energiýa serişdelerinden biri hakda maglumat bermek isleýäris. Taryh boýu suw, demir, altyn, nebit ýaly himiki elementleriň hem-de kompleksleriň eýe bolan ähmiýetine indi litiý hem goşuldy. Eger şeýle bolsa, litiý ýeňil, emma gymmat bahalydyr, çünki diýip söze başlalyň…
Litiý periodik tabelde Li belgisi bilen belgilenen aşgar metal elementdir. Atom belgisi 3 bolan litiý, iň ýeňil metaldyr. Dykyzlygy pes bolan ýumşak, kümüş reňkli litiý, himikat hökmünde iňňän reaktiwdir. Suw we howa bilen ýeňillik bilen reaksiýa görkezmegi sebäpli umuman mineral ýag ýa-da wakum astynda saklanýar.
Litiý iňňän giňden peýdalanylýar. Iň bilinýäni we giňden ulanylýan pudagy doldurylýan litiý ion batareýalarda görülýär. Şol batareýalar ykjam telefonlarda, laptoplarda, planşet kompýuterlerde we elektromobillerde, mobil elektronik enjamlarda peýdalanylýar. Litiý ion batareýalara ýokary energiýa dykyzlygy we uzak möhletli ulanylmaga amatly bolmagy sebäpli isleg bildirilýär.
Döwrümizde mobil tehnologik enjamlaryň gündelik durmuşda giňden ulanylmagy we fosil ýangyçlar sebäpli daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin elektromobillere isleg bildirilmegi litiýni hasam meşhur etdi.
Litiý şeýle hem keramika we aýna önümçiliginde-de peýdalanylýar. Litiý keramikanyň we aýnanyň ereme derejesini aşakladyp, önümçilik tapgyryny ýokarlandyrýar we önümleriň çydamlylygyny artdyrýar. Şeýle hem litiý kompleksleri feýerwerklerde we pirotehniklerde gyzyl reňk almak üçin peýdalanylýar. Litiý beýleki bir möhüm pudak bolan derman senagatynda hem ulanylýar. Litiý karbonat, bipolýar näsazlyk ýaly psihiatrik ýarawsuzlyklaryň bejergisinde peýdalanylýar.
Litiý beýnidäki himiki deňagramlyklary kadalaşdyryp, duýgu kadasyzlygyny durnuklaşdyrýar.
Litiýniň şeýle gymmatly bolmagynyň aňyrsynda iki sebäp bar. Litiý ion batareýalaryň giňden ulanylmagy we olaryň mobil elektronik enjamlar bilen elektromobiller üçin zerurlygy oňa bolan islegi artdyýar. Gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleriniň ammarlanmagy üçin hem litiý ion batareýalar uly ähmiýete eýe. Ikinjiden litiý gorunyň çäkli bolmagy oňun gymmatyny artdyrýar. Litiý dünýäniň belli sebitlerinde bar we şol sebitlerdäki önümçilik ukyby islegi kanagatlandyrmakda ýeterlik bolman bilýär. Şol sebäpli litiýniň tapylmagy we durnukly önümçiligi gelejekde energiýa ammarlaýyş tehnologiýalarynyň ösmegi taýdan möhüm ähmiýete eýedir.