Kumyk Türkçesi
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi
Kumyk türk dili Kumyk türkleri tarapyndan ulanylýan türk dialektleriniň biridir. Kumyk türkleri esasan hem Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Awtonom Respublikasynda ýaşaýarlar. Ady agzalan sebit Russiýa Federasiýasynyň iň günortasynda ýerleşýär we Azerbaýjan bilen goňşydyr.
Dagystan türk dilinde dag sözi bilen pars dilindäki istan goşulmasynyň birleşdirilmegi bilen emele gelipdir we “Daglaryň ýurdy” manysyna gelýär. Paýtagty Mahaçkala şäheridir.
Kumyk türkleri Dagystandan başga Çeçenistan we Osetiýa Respublikalarynda ýaşaýarlar. 2018-nji ýyldaky hasabata görä Dagystanda 300 müňden gowrak, goňşy sebitlerde bolsa takmynan 200 müň kumyk türk ilatynyň bardygy kabul edilýär. Kumyk türkleri Azerbaýjan türklerinden soň Kawkazlardaky iň köplük türk jemgyýetidir.
Şu günki gün Türkiyäniň Çanakgala welaýatynyň Biga etrabynda Kumyk türkleriniň ýaşaýan obalar bardyr. Türkiyede ýaşaýan Kumyk türkleri bu topraklara Kawkazdaky rus basyp alyşlygyna garşy amala aşyrylan garşylygyň simwoly ýagdaýyna öwrülen Şeýh Şamiliň 1859-njy ýylda Rus patyşalygyna degişli esgerlere ýesir düşmeginden soň bu ýere göçmäge mejbur galypdyrlar.
Taryhyň dowamynda dürli taýpa-tireleriň göçüp-gonup ýören Dagystanda şu gün 30 dürli etnik topar ýaşaýar. Kumyk türkleri bu sebitde Awarlar, Dargiler we Lezginlerden soň dördünji uly etnik topar bolup durýar. Kumyklaryň Dagystanda ýerleşişi birnäçe dürli migrasiýa tolkunlary bilen bolup geçdi we anyk bolmasa-da, ilkinji gezek biziň eramyzyň 7-nji asyryna degişlidir.
Kumyk adynyň gelip çykyşy barada biri-birinden tapawutly garaýyşlar bardyr. Şeýle-de bolsa, Kumyk adynyň agzalýan iň gadymy taryhy çeşme Mahmud Kaşgarly tarapyndan ýazylan “Diwany lugat-et türk” ( “Türki dilleriň diwany” ) eseridir. Yazyjy, meşhur eserinde bu ugur boýunça üç dürli düşündiriş berýär. Olaryň biri Kumyklaryň türk taýpasydygyny görkezýär.
Mundan başga-da, Kumyklar hakda iň möhüm gözlegleriň biri Zeki Welidi Togan tarapyndan geçirildi. Zeki Welidi Togan tarapyndan berlen maglumata görä, Kumyklar Oguz eposynda Derbenti goramak üçin bellenen Gypjak türkleriniň taýpasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Derbent şäheri häzirki wagtda Dagystanyň çäginde ýerleşýär we Demirgazykdan Günorta geçýän ýeke-täk ýol bolany üçin taryhda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
Gypjak toparyna degişli türk dialekti bolan Kumyk türk dili, tatar, gazak, gyrgyz, başgyrt, garagalpak, nogaý, garaçaý-balkar, krym tatar we karaý türk dilleri bilen birlikde taryhy gypjak türk diliniň şu günki döwrebap wekilleriniň biridir. Häzirki zaman türk diliniň geografiki we lingwistik ýörelgelerine görä, Demirgazyk-Günbatarynda ýa-da Gypjak toparyndadyr, ýöne käbir Oguz täsirlerini hem görmek bolýar.
Baý halk edebiýatyna eýe bolan Kumyk türkleriniň ýazuw diline ilki Kazan we Krym täsir ýetiripdir. Yslamy kabul eden musulman Kumyk türkleri 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýini ulandylar. Latyn elipbiýini 1928-nji ýyldan 1938-nji ýyla çenli on ýyllap ulandylar we 1938-nji ýylda Sowet häkimiýetiniň kabul eden karary netijesinde kril elipbiýine geçmäge mejbur galypdyrlar.
Kumyk türk dili, taryhdaky ähli Dagystan taýpalarynyň arasynda umumy düşünişmek dili hökmünde ulanyldy. Beýleki Dagystan taýpalary bilen deňeşdirilende has köp intellektual we döwlet işgärini ýetişdiren Kumyklar, Dagystanda esasy rol eýelediler. 1918-nji ýylda döredilen Birleşen Kawkaz respublikasynyň resmi dili Kumyk türk hökmünde kabul edildi.
Häzirki wagtda gepleşilýän Kumyk türk dili üç şiwä bölünýär: Hasaw - ýurt, Buynak we Haýdak. Kumyklaryň dil we medeni çäkleri örän giňdir we Dagystanda 14 dürli resmi diliň biridir. Işleýiş nukdaýnazaryndan ruslaryň täsirine düşen hem bolsa, Kumyk türkleri tarapyndan bilimde, metbugatda we gündelik durmuşda giňden ulanylýar.
Eziz Ildeşler. Şu gün biz size Kumyk türkleri, Kumyk türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Kumyk türk dili barada gysgaça gürrüň berdik. Nobatdaky bölümde türk dialektleriniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.
Gepleşigimiz TRT TSR üçin Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlandy.