Bolu Mengen Kaldyryk Dolamasy
Türkiyäniň Özboluşly Önümleri
Ata watany Türkiyäniň Gara deňize kenar sebitleri bolan we ýaz paslynda gülleýän kiçijek mawy gülleri bilen meşhur bolan Kaldyryk ösümligi, Bolu welaýatynyň dünýä belli Mengen etrabynyň aşpezleri tarapyndan taýýarlanan aýratyn tagama öz adyny berdi. Mengen Kaldyryk Dolamasy mekgejöwen we bugdaý unundan, sogan, süýt, günebakar ýagy, ýogurt we duzdan ybarat erginiň Kaldyryk diýip atlandyrylýan ösümligiň ýapraklaryna saralyp bişirilmegi bilen taýarlanýar. Mengen etrabynyň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Bolu Mengen Kaldyryk Dolamasy üstüne islege laýyklykda dolulygyna taýarlanyp gelýärkä süýdüň gaýmagy ýa-da krem goşulyp bilinýär. Tagamyň ergininiň taýarlanylşynda takmynan 250 gr mekgejöwen uny we 125 gr bugdaý uny bilen ýarym litr süýt, 1 sany sogan we 2 sany sarymsak bölejigi bilen günebakar ýagy ulanylýar. Ondan soň ozaldan taýar ýagdaýa getirilen kaldyryk ösümliginiň ýapragynyň içine ady agzalan zatlaryň ergini goýulýar, we dolma görnüşine getirilip gazanyň içine düzülip goýulanyndan soň, üstüni ýapjak derejede suw goýulyp takmynan 40 minut gaýnadylýar. Bişirilip taýar ýagdaýa getirilen we gyzgyn görnüşde tabaklara goýulan Bolu Mengen Kaldyryk Dolamasynyň üstüne ýogurt goýulanyndan soň hödür kerem edilýär. Kaldyryk ösümligi ýaz aýlarynda ýygnanýandygy üçin bu tagam hem diňe ýaz aýlarynda taýarlanylýar.