Rasizada Hüseýin Jawid
Türk dünýäsine bagşedilen ömürler
20-nji asyr Azerbaýjan edebiýatynyň esasy dramaturglaryndan biri bolan Hüseýin Jawid 1882-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Nahiçewan şäherinde dünýä inýär. Kakasy Molla Abdullah döwrüň belli din alymlaryndan biri bolupdyr. Şol sebäpli kakasy çagalarynyň hem dini bilim almagyny isläpdir. Jawid mekdep çagynda mollahana berilýär. Emma oňa öwrenişip bilmedik Jawid, 14 ýaşynda şol mekdepden gaçyp, “täze usully” mekdep bolan “Mekdebi terbiýä” girýär.
1896-1898-nji ýyllaryň aralygynda Mekdebi terbiýede okaýar. Bir tarapdan agasyndan arap we pars dillerini öwrenýär. Pars we türk edebiýatyny öwrenmäge başlan Hüseýin Jawid, indi edebiýat ýoluna düşüpdi. 1900-njy 1904-nji ýyllaryň aralygynda Töwrizde meşhur Talabite medresesinde bilim alýar. Töwrizden gelenden son Nahiçewanda birnäçe wagt mugallym bolup işleýär. Emma öwrenmekden çetde durmaýan Hüseýin Jawid 1906-njy ýylda Stambula gelýär. Ol ýerde ýazyjylar we şahyrlar bilen tanyşýar. Türkiýäniň şol ýyllarda tanymal şahyrlaryndan biri bolan Mehmet Akif Ersoý, Jenap Şahabettin ýaly ýazyjydyr şahyrlaryndan ders alýar. 1909-njy ýylda Stambulda okuwy gutaran Jadi, Nahiçewana dolanýar we mugallymçylyga başlaýar. Stabuldan dolanyp barandan soň 1912-nji ýylda edebiýat yşgy bilen ýazylan ilkinji goşgy kitaby çapdan çykýar. Soňky 10 ýylyň dowamynda “Maral”, “Şeýh Senan”, “Şeýda”, “Eňňit” ýaly drama eserleri we goşgulary çap bolýar.
Hüseýin Jawidiň ýaşan döwri, Azerbaýjanyň iň agyr ýyllaryna gabat gelýär. 20-nji asyryň birinji çärýegi Azerbaýjan üçin iňňän çarkandakly geçýär. Patyşa Russiýasynyň gysyşy, bolşewik hereketi, ermenileriň azerbaýjan türklerine eden ezýetleri, 1918-nji ýylda Mehmet Emin Resulzadanyň guran respublikasynyň ömrüniň gysga bolmagy, uly umytlar bilen birigilen Sowet Soýuzynyň gysyşy we basyş syýasatlary şol asyryň başynda Azerbaýjan türklüginiň dramasy bolýar. Şahyr hökmünde kynçylyklardan çuňdan duýanlardan birihem Hüseýin Jawid bolýar. Eserlerini şol temalarda ýazyp, halkyň agyr günlerini beýan edýär. 1920-nji ýyldan soň günsaýyn agyrlaşan Sowet gysyşynda Hüseýin Jawid milletçilik we türkçülik bilen tanalýar. Sowet dolanşygynyň islän temalarynda eserler ýazmaga ýakyn durmandygy üçin yzarlanýar. 1932-nji ýylda Ýazyjylar bileleşigine kabul edilýär. Emma hökümetiň gysyşyndan halas bolup bilmeýär. 1937-nji ýylda ençeme azerbaýjan intelligenti bilen bilelikde halk duşmanlygynda aýyplanyp, tussag edilýär. Sibire sürgün edilýär we eserleri gadagan edilýär. Sibirden dolanyp bilmedik Jawid 1944-nji ýylda İrkutskda dünýeden ötýär. Jawid diňe öz halkynyň azatlygyny isleýär. Eserleriniň temalary ýagşylyk bilen ýamanlygyň tapawudy, sowatsyzlyk, nesilleriň çekeleşigi, ykdysady kynçylyklar we türk dünýäsiniň taryhy bilen pelsepewi temalar bolýar. Soňky ýyllarda ýazan “Çingiz Han” we “Atilla” atly eserleri hökümet tarapyndan ýok edilendigi üçin diňe atlary bilinýär.
Hüseýin Jawid 20-nji asyr Azerbaýjan edebiýatynyň beýik ussatlaryndan biridir. Azerbaýjan teatrynyň naýbaşy eserlerini ýazan Hüseýin Jawid Kawkazda, Krymda ençeme goýulan pýessalary, köňülleri, pikirleri zabt edip, awtoruna şan-şöhrat gazandyrýar.
Hüseýin Jawid şol wir wagtda-da Azerbaýjanyň esasy pikirzadalaryndan biridir. Onuň öz döwründe öňe süren käbir pikirleri şu günki günde-de güýjüni saklaýar. Ol, diňe bir sungat essady hökmünde däl, pikirleri bilen diňe bir Azerbaýjanda dal, bütin türki dünýäde uly abraýa eýe bolýar.