1 Kilogram pagta, 1 kilogram demirden agyr bolup biler
Çünki
Gepleşigimiziň bu sanynda matematika bilen täze tanyşan çagalara edilýän degişme hakynda durup geçmek isleýäris. Çagalary barlap görmek üçin “bir kg. demir agyrmy, 1 kg. pagta agyrmy” diýlen soragdan ugur alyp, “bir kilogram pagta bir kilogram demirden agyr bolup biler” çünki, diýip söze başlaýarsys…
Adaty şertlerde elbetde ölçenýän jisimleriň agramlaryndan başga özbolyşlyklary ölçegiň netijesini üýtgetmez. Demiriň we pagtanyň gündelik durmuşdaky ulanylyşyna esaslanyp, çagalary barlap görmegi nazarda tutýan bu soragda üns berilmeli zat “bir kilogram” frazasydyr. Eýsem, şertleri adatylykdan aýyryp, bir kilogram pagtany aýda, bir kilogram demiri dünýade ölçemegi synap görsek netije nähili bolar?
Agyrlyk güýji, massasy bolan jisimlerin arasynda çekiş güýjüni emele getirýän başlangyç tebigat güýjüdir. Iki jisimiň arasyndaky massa çekiş güýji, massalaryň köpeldilmegi bilen göni baglanşykly, aralaryndaky alyslygyň kwadraty bilen ters gatnaşyklydyr. Yzak Nýuton tarapyndan kesgitlenen bu kada, planetalaryň hereketinden, almanyň ýere gaçmagyna çenli ençeme hadysany düşündirýär. Haýsydyr bir jisimiň agramy, göwrümi bilen massa çekiş tizliginiň köpeldilmegi bilen ölçelip, Nýuton görnüşinden beýan edilýär. Dünýäniň massa çekişi takmynan 9,8 metr bölünen sekunt kwadrat hökmünde beýan edilýär.
Dünýä, massasy we göwrümi saýasynda iňňän güýçli massa çekiji kuwwatyna eýedir. Şol çekiş, atmosferany we okeanlary ýerinde saklaýar, adamlaryň ýokarda galmagyny üpjün edýär. Aý bolsa planetamyza görä kiçi we az massa eýe. Şonuň netijesinde aýyň massa çekişi takmynan dünýäniňkiniň altydan bir bölegine deňdir. Aý bilen dünýäniň arasyndaky massa çekiş tapawudy ençeme täsin netijeleri ýüze çykarýar. Mysal üçin dünýäde 60 kilogram agramy bolan bir adam, aýda ölçelende 10 kilograma deň geler. Aýdaky pes massa çekişi kuwwaty, adamlaryn has ýokarda we uzak möhlet howa galmagyna şert döredýär. Şol sebäpli aýda ýöremek ýa-da bökmek dünýä garalanda iňňän tapawutlydyr.