Bedenimizi bölüşýän, bize degişli bolmadyk trillionlarça öýjükler

Çünki

2159627
Bedenimizi bölüşýän, bize degişli bolmadyk trillionlarça öýjükler

Gepleşigimiziň bu sanynda bedenimizi bölüşýän, bize degişli bolmadyk trillionlarça öýjükler we olaryň eýeleri hakynda maglumat bermekçi. Bedenimizi milliardlarça jandar bilen bölüşýäris, çünki diýip söze başlaýarys.

21-nji asyrda ýokary depginde ösýän tehnologiýalar lukmançylyk pudagynda täze açyşlary ýany bilen alyp gelýär. Soňky ýyllarda dissiplinalaryň arasyndaky barlaglaryň netijesinde alynan geň galdyryjy maglumatlaryň başynda adamyň bedeniniň diňe bir öz öýjüklerinden ybarat bolmadyk, çylşyrymly we dinamiki ekoulgamdan ybarat bolandygy durýar. Ondan ozal, esasanda içegelerde ýaşaýan mikroorganizmalary bilýän hem bolsak, bedenimizi bölüşýän jandarlarymyzyň sany we olaryň bedenimize bolan gatnaşygy hakynda tapylan maglumatlar “adam näme” diýlen soragy gün-tertibine getirýär.

2008-nji ýylda Germaniýanyň Max Plank İnstitutyndan iňlis alymy Rut Leý bedenimizdäki öýjükleriň 43 göteriminiň bize degişlidigini kesgitlän ylmy iş taýýarlaýar. Ylmy işe görä adamyň bedeninde ýaşaýan bakteriýalaryň, wiruslaryň, kömelekleryň we arheýalaryň jemi öýjük sany, özümize degişli öýjükleriň iki essesinden hem köp. Adamyň öýjükleriniň genetiki taglymatlarynyň ählisi öz içine alýan 20 müň kod anyklanan bolsa, şol san mikroorganizmalaryň ählisindäki kodlar bilen bilelikde 2-20 milliona çenli baryp ýetýär.

Bedenimizde ýaşaýan mikroorganizmalaryň jemi mikrobiota atlandyrylýar. Adalga ilkinji gezek 1958-nji ýylda Nobeliň lukmançylyk baýragyna laýyk görülen Joşua Loderberg tarapyndan öňe sürülen hem bolsa, tema boýunça ilkinji işler soňky 20 ýylda has çuňlaşýar. Mikrobiotamyzy emele getirýän jandarlaryň jemi öýjükleri bolsa mikrobiom atlandyrylýar we lukmançylykda indi täze bir organ hökmünde öwrenilýär. Soňky açyşlar mikrobiomymyzy emele getirýän öýjükleriň jemi agramynyň 2 kilograma barandygyny görkezýär.

Mikrobiotamyz bedenimiziň tapawutly ýerlerinde, esasanda içegelerimizde ýerleşýär. İçege mikrobiomy K witaminiň we käbir B witaminleriniň sintezinde möhüm orun tutýar. Dünýä inmezden öň görünmeýän şol öýjükler adamyň dünýä inmeginden başlap bedenimize ornaşyp, biziň bilen ýaşamaga başlaýar. Ylym dünýäsinde psihiki hassalyklardan parkinsona çenli, diagnotiki bejergisi bolmadyk ençeme hassalygyň mikrobiomlar bilen baglydygy hakyndaky garaýyş ýaýbaňlanýar. Bilermenler esasanda ýerliksiz antibiotik derman ulanmagyň mikrobioma ýaramaz tasir ýetirip, bedeniň deňagramlygynyň bozulýandygyny duýdurýarlar.


Etiketkalar: #mikrobiota , #beden , #öýjük

Degişli Habarlar