Çankyry Bütewi Et Nahary

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2159824
Çankyry Bütewi Et Nahary

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitinde ýerleşýän we ykdysadyýeti oba hojalyk bilen maldarçylyk işlerine esasalanýan Çankyry şäheriniň aşhana medeniýetinde et naharlary uly meşhurlyga eýedir. Çankyry aşhaha medeniýetiniň ünsleri özüne çekiji nusgalaryň biri hem Çankyry Bütin Et Nahary, geçi ýa-da guzy etiniň sogan, mesge ýagy, pomidor goýutmasy we biri-birinden tapawutly hoş boý ysly otlaryň goşulmagy bilen bişirilýär. Çankyrynyň şäher häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Çankyry Bütin Et Naharynda ulanylýan et, kiçi mallaryň golundan, injiginden, boýnundan we gapyrgasyndan taýarlanýar. Esasan hem şäheriň töweregindäki daglyk zolaklarda duzly öri meýdanlarda otlaýan geçiniň eti, naharyň taýarlanylyşynda iler tutulýan ugurdyr. Naharyň taýarlanylşynda takmynan 2 kg et 8 bölege bölünýär. Inçe dogralan sogan, duz, gyzyl burç, zira we pomidor goýutmasy bilen bir gapda garşydyrylyp, sous ýagdaýa getirilýär we bu sous etleriň üstüne dökülýär. Souslanan etiň bölekleri gazana biri-biriniň üstüne ýerleşdirilýär we gazanyň gapagy ýapylyp, sowadyjyda 8-9 sagat demini almagy üçin goýulýar. Sousy özüne siňdiren et ondan soň, başga bir gazanda eredilen mesge ýagynyň üstüne goýulyp, suwy çekilýänçä çenli gowrulýar, ondan soň gyzgyn suw goşulyp ýumşaýança çenli bişirilýär. Çankyry Bütin Et Nahary gyzgyn görnüşde we palow bilen birlikde hödür kerem edilýär.


Etiketkalar: #et , #nahar , #Çankyry , #Türkiye

Degişli Habarlar