Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?

Energetikanyň Gün Tertibi

2150214
Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?

Tehnologiýadaky soňky özgerişler we howanyň çalşygyna garşy göreş çäreler bilen birlikde elektrik tokda işleýän ulaglary ulanmak tiz depginler bilen ýaýbaňlandy.

Elektrik ulaglaryny ulanmak dünýäniň ençeme hökümedi tarapyndan goldanmaga başlandy. Döwletler köp meselelerde, esasanam salgytlarda elektrik ulaglaryny öndürijilere we ulanyjylara goldaw berip başlady.

Halkara Energetika agentliginiň hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde elektrik ulaglarynyň sany 10 esse artar. Bütin dünýäde satylýan ulaglaryň 60 göterimden gowragy elektrik tokda işleýän ulaglar bolar.

Elektrik tokda işleýän awtoulaglaryň 50 göteriminden gowragy Hytaýda satyldy. Häzirki wagtda ýurtdaky ýollarda 8 million elektrik ulagy bar diýip çak edilýär.

Hytaýdan soň Ýewropa Bileleşigi gelýär. 2023-nji ýylda dünýäde satylýan elektrik tokda işleýän her 4 ulagyň 1-i Ýewropa materiginde ýollara çykdy. 

Ýewropanyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda awgust aýynda ilkinji gezek elektrik awtoulaglarynyň satuwdaky paýy 20 göterimden geçdi.

Elektrikli awtoulag satuwy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awgust aýynda 118,1 göterim ýokarlap, 165 müň 165-e ýetdi we bu ulaglaryň umumy satuwdaky paýynda 21 göterime çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň awgust aýynda satylan her 5 awtoulagdan 1-si elektrik tokda işleýän awtoulag boldy.

Baltika sebitinde, esasanam Skandinawiýa ýurtlarynda elektrik tokda işleýän awtoulaglar bazarda bütinleýin ýagdaýda agdyklyk edýär. 2022-nji ýylda Norwegiýada satylan her 100 awtoulagyň 79-sy elektrik tokda işleýän awtoulag boldy.

Şwesiýada we Islandiýada ýollardaky ulaglaryň 40 göterimi diýen ýaly elektrik tokda işleýän ulaglarydyr.

Ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Ýewropada iň köp elektrikli awtoulag satan ýurt 387 müň 289 sany bilen Germaniýa boldy. Germaniýadan soň 238 müň 541 ulag bilen Beýik Britaniýa, 204 müň 616 ulag bilen Fransiýa, 85 müň 486 ulag bilen Gollandiýa, 81 müň 210 ulag bilen Şwesiýa, 79 müň 672 ulag bilen Norwegiýa, 68 müň 696 ulag bilen Belgiýa, 45 müň 758 ulag bilen Italiýa, 40 müň 828 ulag bilen Daniýa, 36 müň 235 ulag bilen Şweýsariýa, 34 müň 894 ulag bilen Awstriýa we 34 müň 606 ulag bilen Ispaniýa boldy.

Ýylyň 9 aýynda elektrik tokda işleýän ulaglaryň satuwy geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende Belgiýada 165,9 göterim, Gresiýada 148 göterim, Finlýandiýada 131,3 göterim artdy. Elektrik tokda işleýän ulaglaryň satuwy şol döwürde Ispaniýada 64 göterim, Fransiýada 45,3 göterim, Germaniýada 42,1 göterim, Beýik Britaniýada 35,8 göterim we Italiýada 27,6 göterim ýokarlady.

Ýewropa ýurtlary elektrik awtoulaglarynyň bazara girmegini höweslendirmek üçin dürli maliýe goldawlaryny hödürleýärler. Şeýle-de bolsa, bu ugurda agza ýurtlar tarapyndan berilýän salgyt artykmaçlyklary we satyn alyş höweslendirmeleri biri-birinden tapawutlanýar.

ÝB-ne agza 20 ýurtda elektrik tokda işleýän awtoulagy satyn almakda goldaw berilýär. Belgiýa, Bolgariýa, Daniýa, Finlýandiýa, Latwiýa we Slowakiýa satyn alyşlary höweslendirmeýär, ýöne salgytlary azaltýar ýa-da ýeňillikleri hödürleýär.

Hytaýdan, Ýewropadan we ABŞ-dan başga ýurtlarda elektrik awtoulag satuwynyň paýy 2023-nji ýylda 6,5 ​​göterim boldy.

Türkiye, esasanam TOGG-yň işe girizilmegi bilen bu tablisada özüni oňyn tapawutlandyrdy. Elektrikli awtoulaglar soňky 1,5 ýylda ep-esli artdy.

Türkiyede 2022-nji ýylda elektrik tokda işleýän 14 müň 552 ulag bardy. 2024-nji ýylda elektrik awtoulaglarynyň sany birnäçe esse artdy we 100 müňe ýetdi.

Türkiyede 2023-nji ýylda ýollarda hasaba alnan awtoulaglaryň arasynda elektrik ulaglarynyň paýy takmynan 7 göterim boldy.

Halkara Energiýa agentliginiň Global elektrik tokda işleýän ulaglarynyň görkezijsiniň habarnamasyna görä, 2022-nji ýylda elektrik tokda işleýän ulaglarynyň jemi awtoulag satuwlaryndaky paýy 14 göterime ýetdi. Bu görkeziji 2020-nji ýylda 4 göterimdi, 2021-nji ýylda bolsa 9 göterimdi.

Elektrik ulaglarynyň satuwynyň sany 2024-nji ýylda dünýäde 15 milliona ýetmegine  we her 5 ulagdan 1-iniň elektrik tokda işleýän ulag bolmagyna garaşylýar. 2030-njy ýylda dünýädäki elektrik awtoulag ätiýaçlyklarynyň 350 million töweregi bolmagyna garaşylýar.

Elektrik tokda işleýän ulaglarynyň sany tiz depginler bilen köpelýärkä, ulanyjylaryň iň uly problemasy atym beriş desgalarynyň we atym ýagny zarýad beriş wagtynyň ýetmezçiligi…

2024-nji ýylyň maý aýyna çenli Türkiyede köpçülikleýin atym beriş stansiýalarynyň sany 7 müň 949 ... Jemi tokdürtgüçleriň (rozetka) sany bolsa 18 müň 454 hökmünde hasaba alyndy.

Energetika bazaryny düzgünleşdiriji edaranyň habar bermegine görä tokdürtgüçleriň 6 müň 474-i DC, ýagny tiz atym bermegi goldaýan bolsa, 11 müň 980-si AC, ýagny kadaly atym bermegi goldaýar.

Ol bolsa, Türkiyede her bir atym ýagny zarýad beriş nokadyna takmynan 5,4 elektrik tokda işleýän awtoulag gabat gelýär.

Türkiye bu ugurda Ýewropada sanawyň ýokary orunlarynyň birini eýeleýär. Gollandiýa we Belgiýa her bir stansiýada 3 ulag bilen dünýä liderleridir ... Dünýäniň iň uly awtoulag öndürijisi Germaniýada bolsa bu san 11-dir…

Mahmut Gürer. TRT Habar kanalynyň redaktory


Etiketkalar: #ulag , #energetika

Degişli Habarlar