Antalýa Piýazy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2147534
Antalýa Piýazy

Antalýa usulyndaky piýaz tagamy takmynan 100 ýyla golaý geçmişi bolmak bilen birlikde, at-abraýy Antalýanyň çäkleriniň daşyna çykdy. Türkiyäniň Syýahatçylyk paýtagty Antalýanyň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Anatlýa piýaz tagamy, taýarlanyş usuly bilen sebite syýahat etmäge gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň hökmany ýagdaýda tagamyny dadyp görýän  milli nahar ýagdaýyna geldi. Antalýa Piýazy ýörite sously noýba (fasol) naharydyr. Piýaz naharynda ulanylýan Çandyr noýbasy naharda aýratyn bir tagam döredýär, tagamyň taýarlanylşynda tahini, sarymsak, gaýa duzy, limon suwy, sirke, pomidor, sogan, ýumurtga, petruşka we zeýtun ýagy ulanylýar. Antalýa piýaz tagamynyň taýarlanylşy üçin noýbalar bir gije öňünden başlap irdene çenli duzly suwuň içinde, otag temperaturasynda garaşdyrylýar. Bir gün soň suwy dökülýär, birnäçe gezek suwy çalşylýar we ýüzüne çykýan köpükler aýrylýar. Ondan soň noýbalar ýarylýança çenli gowy edip bişirilýär. Beýleki tarapdan bolsa naharyň sousy tahini, limon suwy, gaýa duzy, sarymsak we sirke ulanylyp taýarlanylýar. Noýba entek sowamanka üstüne sous goşulýar, onuň üstüne bolsa kiçiräk böleklere dogralan pomidorlar, islege görä sogan we gaýnadylan ýumurtga goşulýar. Zeýtun ýagy we petruşka bilen bezelen Antalýa piýaz tagamy, beýleki sebitlerde taýarlanýan şuňa meňzeş tagamlardan tapawutlylykda esasy nahar hökmünde hem iýilip bilinýär.


Etiketkalar: #piýaz , #nahar , #tagam , #Antalýa

Degişli Habarlar