Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm

Bilesigelijiniň Bellikleri

2071576
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm

Emeli intellekt gündelik durmuşymyza tehnologiki täzelikleri getirýän hem bolsa, köp sanly kanuny bellikleri döredýär. Şolaryň biri hem “Ganizm” atly täze sungat hereketi we bu görnüşde öndürilen eserlere kimiň eýeçilik etjekdigi bilen bagly sorag.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

1600-nji ýyllarda "hasaplaýjy" oýlap tapylyş bilen başlanan başdan geçirmeler, kompýuterleriň we internetiň birleşmegi bilen akylly enjamlara öwrüldi. Edil şol wagt hem emeli intellekt peýda boldy. Kompýuterleriň üsti bilen hasaplamak ukyby hökmünde ýüze çykan emeli intellekt tehnologiýasy, ähli ugurlarda bolşy ýaly  sungata hem birnäçe täzelikleri getirdi. Sungat dünýäsinde hatda täze bir hereket başlandy: Ganizm ...

Suratkeşler emeli intellekt ulanyp, wizual eserleri döredip bilýärler. Bu eserleriň aňyrsynda çuňňur öwreniş ulgamynda ulanylýan emeli intellekt algoritmi ýagny "Generative Adversarial Network" ýa-da GAN tehnologiýasy bar.

Şeýle-de bolsa, GAN tehnologiýasy bilen döredilen eserleriň kime degişli boljakdygy baradaky sorag hukuk dünýäsiniň gün tertibinde.

Emeli intellekt bir eser döredýär, emma haýsy maglumatlary ulanandygyny we haýsy algoritmleriň netijesinde ýüze çykandygyny ony döreden adam hem bilenok.

Emeli intellektiň garaňky tarapy: “Blackbox”

Adamlar daşarky dünýäni duýgy organlary arkaly nädip öwrünýän bolsa, emeli intellekt hem şoňa meňzeş hereketi maşyn öwrenmek arkaly amala aşyrýar. Şeýlelik bilen, birden köp suratkeşiň eserlerini ulanyp täze eser döredip bilýär. Başgaça aýdylanda, emeli intellekt eseriň çeşmesini düşnüksiz edýär ...

Eserler suratkeşemi, programma üpjünçiligini amala aşyrýanamy ýa-da döwlete degişlimi?

Eserler suratkeşemi, programma üpjünçiligini amala aşyrýanamy ýa-da döwlete degişlimi? Ine Hukuk dünýäsi bu soraga jogap gözleýär. Häzirlikçe her ýurt dürli çözgütleri synap görýär. Mysal üçin, Amerikanyň hukuk ulgamynda emeli intellekt tarapyndan döredilen önümler gorap bolmaz diýen pikir bar. Emma, bu nokatda Beýik Britaniýa şular ýaly filtri kabul edýär: Emeli intellekt tarapyndan döredilen önüm bolan ýagdaýynda, emeli intellekt programma üpjünçiligini ulanýan we bu işe goşant goşýan adama emeli intellekt tarapyndan öndürilen önümiň hukuklary berilip biliner.

Ýewropada ýagdaý biraz üýtgeşik. Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň bu babatda ýazan hasabatlaryna görä, bu mesele boýunça düzgünleşdirmegiň zerurdygy aýdylýar.

Türkiye, emeli intellekt tehnologiýasy bilen ýakyndan gyzyklanýan ýurtlaryň biri ...

Prezidentiň Sanly özgeriş edarasynyň emeli intellekt baradaky garaýşy diýseň oňyn we emeli intellekti jemgyýetden daşlaşdyrmaýar.

Türk aklawçylarynyň "Gibrid eser" teklibi

Gibrid eserler düşünjesi, emeli intellekt tarapyndan döredilen we suratkeşiň intellektual temasyny öz içine alýan eserler hökmünde häsýetlendirilýär.

Emeli intellekt henizem kanuny taýdan kör nokatlary bolan bir ugurdyr. Kanun çykaryjylar bu meseläni çalt çözmek isleseler-de, emeli intellekt has çalt depginler bilen özüni özgerdýär.

Habar Çeşmesi: TRT Haber 

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda “Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm” atly temanyň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar