Üzüm toşabynyň peýdalary…

Saglygym baýlygym

2038933
Üzüm toşabynyň peýdalary…

Üzüm toşaby, düzümindäki antioksidentler minerallar sebäpli iňňän möhüm azyklardan biridir.

    Depressiýa üçin üzüm toşaby

Yzgiderli sarp edilen halatynda toşap, düzümindäki magniý arkaly depressiýa we beýleki psihiki näsaglyklara peýdalydyr. Toşabyň düzüminde ýokary mukdarda bar bolan magniý, nerw ulgamynyň köşeşmegini üpjün edip, bagtlylyk gormony atlandyrylýan seratoniniň işlenip çykarylyşyny artdyrýar. Ol hem ruhy sagdynlygymyz üçin peýdalydyr. Magniýniň ukynyň kadalaşmagyny ýola goýmagy hem ruhy saýdynlygymyz taýdan möhümdir.

    Süňk we diş üçin peýdaly

Üzüm toşabynyň düzüminde kaliýniň mukdary ýokarydyr. Kaliý bolsa adamyň saglygy üçin möhüm elementlerden biri. Adamyň bedenindäki minerallardan biri bolan kaliýniň tas ählisi süňlerimizde we dişlerimizdedir. Kaliý esasanda osteoporozyň, ýagny süňk eremesiniň öňüni alýan elementdir. Toşap, şeýle hem sagdyn süňkleriň goralmagy üçin gerek bolan demir, selen we mis taýdan baýdyr.

   Gan basyşyny kadalaşdyryp, ýürek sagdynlygyny üpjün edýär

Toşabyň düzümindäki kaliý gan basyşyny kadalaşdyrmak üçin peýdalydyr. Kaliý beýleki tarapdan hem ýokary gan basyşyna sebäp bolýan natriýniň işenip çykarylmagyny goşant goşýan bolsa, damarlaryňyzy ýumşadyp, gan basyşynyň peselmegini üpjün edýär.

Şeýle hem kaliý ýürek sagdynlygynyň goralmagy üçin esasy elementlerden biridir.

 

    Içegeler üçin peýdalydyr

Üzüm toşaby gubuzlygyň aýrylmagy üçin esasy azyklardan biridir.

 

    Rak keseliniň howpuny azaldýar

Tebigy şertlerde iň güýçli antioksident gyzyl üzümde bardyr. Şol sebäpli toşap, antioksident taýdan iň esasy azyklardan biridir. Şol madda rak öýüjükleriniň bölünmeginiň, onuň köpelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alýar. Şeýle hem rak keseliniň bejergisiniň dowamynda ýüze çykýan zyýanly täsirleri hem azaldýar.

6.    Deri sagdynlygy üçin peýdaly

Antioksidentler rak keselinde bolşy ýaly deri sagdynlygy üçin hem peýdalydyr. Deriňize zyýan ýetirme ähtimallygy bolan erkin radikallary togtadyp, deriňiziň garramagynyň öňüni almak üçin maslahat berilýär.

    Demir azlygynyň ortadan aýrylmagy üçin peýdaly

Üzümiň toşaby düzümindäki demir elementi bilen demir azlygyndan ejir çekýänler üçin maslahat berilýär.

    Aýbaşyndan öňki dartgynlygy we menopozyň simptomlary azaldýar

Üzüm toşabyny sarp etmek arkaly emele gelýän magniý, aýbaşyndan öň ýüze çykmagy ähtimal guruşma, kelle agyrysy, ruhy taýdan biynjalyklyklar ýaly ýarawsuzlyklar üçin peýdalydyr. Aýbaşyndan öň başdan geçirilýän dartgynly günlerde üzüm toşabynyň düzümindäki magniý, menopozdaky zenanlar üçin hem peýdalydyr.

   Iriňli guragry üçin peýdalydyr

Toşabyň düzümindäki antioksidentler iriňleriň aýrylmagy üçin peýdaldyry. Şol sebäpli toşap sarp etmek esasanda iriňli guragrydan ejir çekýänler üçin maslahat berilýär.

          Üzüm toşaby nähili sarp edilmeli

Üzüm  toşaby kadaly ýagdaýda sarp edilende iňňän peýdalydyr azyklardan biridir. Yzgiderli ýagdaýda her gün irden 2 çorba çemçesi içmek maslahat berilýär. Kadaly sarp edilende adamyň bedeni üçin zerur bolan minerallary üpjün edýändig bilinýär.

 


Etiketkalar: #saglyk , #toşap , #üzüm

Degişli Habarlar