Missiýamyz Aý: Aýa şu wagta çenli haýsy ýurtlar gitdi we geljekde nämeler bolar?
Bilesigelijiniň Bellikleri

Millionlarça ýagtylyk ýylyndaky galaktikalara syn edip bilsek hem, iň ýakyn goňşymyz bolan Aý häzirki wagtda hem syrlar bilen doly. Ine şol syrlary ortadan aýyrmak we hemramyzda ýaşaýyş üçin amatly ýerleri emele getirmek üçin Aýa ýolagçyly we ýolagçysyz missiýalar dowam edýär. Şu wagta çenli haýsy ýurtlar nämeler etdirler we ýakyn wagtda nämeler bolar?
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda häzirki wagta çenli haýsy ýurtlaryň Aýa gidendigini we ýakn wagtda nämeleri boljakdygynyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Ay iň ýakyn goňşymyz bolandygy sebäpli, dünýäniň birnäçe ýurdunyň amala aşyran ençeme älem missiýalarynyň esasy wezipesi boldy.
Indi adamzadyň öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda Aýda koloniýa döredip biljek täze bir döwürň başlangyjyna golaýlap gelýäris.
Ol bolsa ýurtlaryň ortadaky çeşmeleri, tehnologiýalary we tejribelerini paýlaşyp biljek ýakyn halkara hyzmatdaşlygy talap edýär.
Şu günki güne çenli dünýäniň 11 ýurdy we gurama Aýa emeli hemra bekedini ugratmagyň hötdesinden geldi.
Şol ýurtlaryň hatarynda SSSR/Russiýa, ABŞ, Ýaponiýa, Hytaý, Hindistan, Ysraýyl, Italiýa, Lýuksemburg, Günorta Koreýa, BAE we Ýewropa Älem agentligi tarapyndan wekilçilik edilen Ýewropa Bileleşigi bar.
Emma şolaryň ählisi Aýyň üstüne gonmak ýa-da gönüden aýak basmak manysyna gelmeýär.
Aýa gonmak emeli hemra bekediniň aşak gonuş tizligine baglylykda berk gonmak ýa-da ýumşak gonmak ýaly toparlara bölünýär.
Ýumşak gonmak-gämi howpsuz we pes tizlik bilen ýere gonan mahaly amala aşýar we ekipažly wezipelerde ýa-da gäminiň gonanyndan soň ylmy barlaglar geçirmegiň ýa-da synaglar geçirmegiň garaşylýan missiýalarda gerek bolýar.
Şu wagta çenli diňe üç ýurt emeli hemra gämisi bilen Aýda ýumşak gonmagy başardy: ABŞ, Russiýa we Hytaý.
20230-njy ýyla çenli Aýa gonmagy meýilleşdirýän ýurtlar:
Dünýäniň köp sanda ýurdy ýa işjeň älem programmalaryna eýe ýa-da hususy ýagdaýda maliýeleşdirilen älem programmalaryna ýer eýeçiligini edýär we şol sebäpli 2030-njy ýyla Aýa ýolagçyly ýa-da ýolagçysyz ýumşak gonmak üçin taýarlyk görýär.
Şol ýurtlaryň hatarynda Türkiye hem bar.
Türkiye öňümizdäki 10 ýylyň içinde Aýa berk ýa-da ýumşak gonmagy meýilleşdirýär.
Raketa 3 günlük ýolagçylykdan soň maglumatlary ýygnap, dünýä ugradar. 2028-nji ýylda hem ýumşak gonmagy meýilleşdirýän Türkiye, Aýda ylmy barlaglar amala aşyrýan sanalgyja ýurtlaryň hataryna goşular.
Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda häzirki wagta çenli haýsy ýurtlaryň Aýa gidendigini we ýakn wagtda nämeleri boljakdygynyň üstünde durup geçdik.