Lipanyň peýdalary…
Saglygym baýlygym

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynyň mowzugy: Lipanyň peýdalary…
Özüne mahsus ysy bilen janymyzy sagaldýan lipadan ýerlikli peýdalanyp, şypa tapmak mümkin.
Hroniki hassalyklaryň öňüni alýar
Lipa, antioksident özboluşlyga eýe bolan ösümliklerden biridir. Şol antioksidentleriň arasynda esasanda ýürek-damar ulgamynda iriňlemä garşy täsirli bolan madda hem bar. Olar lipanyň çaýyndaky we erkin radikallara garşy göreşýän, bedendäki iriňlemäniň öňüni alýan beýleki antioksidentlerdir. Şol antioksidentleriň saýasynda lipanyň çaýy iriňleme sebäpli ýüze çykýan hroniki hassalyklaryň öňüni almak taýdan peýdalydyr.
Ýeňil agyryny aýyrýar
lipanyň çaýynda agyrynyň we damar çekmeleriniň aýrylmagy üçin peýdaly maddalar bardyr. Şol maddalar;
- myşsa spazmalary
- bogun agyrysy
- aýbaşy mahalyndaky agyrylaryň azalmagy taýdan peýdalydyr.
- Gaýgy-aladany ýeňledýär
Lipanyň çaýy gaýgy aladanyň azalmagyny üpjün edýär. Lipa ony şeýle üpjün edýär:
- Beýnidäki myşsa ulgamynda rahatlandyryjy täsiri bolan himiki aşgarlara öýkünýär.
- Gormonlaryň rahatlanmagyny ýola goýýar.
Ruhy durnuksyzlyklary we hroniki stress biynjalylygy bolan adamlaryň ýyly lipa çaýyny içip, rahatlanmagy mümkindir.
Ýokary gan basyşynyň düşürilmegi üçin peýdalydyr
Lipanyň çaýy, gan damarlaryny giňeltmek we ganyň basyşyny peseldýän maddalary özünde jemleýär.
Ýürek sagdynlygyna peýdaly
Düzümidäki maddalar ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi taýdan peýdalydyr. Ýürekdäki myşsa ýygrylmalaryny kadalaşdyrmagy üpjün edýän kaliý kanallaryny hereketlendirýär.
Ukynyň hilini ýokarlandyrýar
Lipanyň çaýyndaky ösümlik sintezleri ýokary hili uklamagyňyzy üpjün ediji köşeşdiriji häsýete eýedir. Şonuň saýasynda uklandan soň dynjyňyzy gowy alarsyňyz.
Siňdirişi kadalaşdyrýar
Lipanyň çaýy irki döwürlerden bäri siňdiriş ulgamy üçin peýdalanylýan çaýlardan biridir. Lipanyň çaýynyň şol özboluşlygy şulara esaslanýar:
- Siňdirişi kadalaşdyrýan ýylylyga we çyglylyga eýe bolmagy
- Aşgazan ýarawsyzlygyny azaltmak üçin peýdaly bolan özboluşlygynyň bolmagy,
- İçegedäki spazmalary ýeňletmäge we aşa ýellenme biynjalygyny aýyrmagy ýola goýýan özbolyşlyklara eýe bolmagy.
- Sowuklamanyň simptomlaryny azaldýar
Geçirilen ylmy barlaglardan birine görä lipanyň çaýy sowuklan çagalarda gulak ýokançlarynyň komplikasiýa howpuny azaldýan özbolyşlyklara eýedir. Lipanyň çaýyndaky elementler myşsalardaky dartgynlygy gowşadar we gan akyşyny çaltlandyrýar hem-de bokurdak agyrysyny azaldýar.
Peşewi sökdürmek üçin peýdaly
Lipa agajynyň iç gabygy peşewi sökdüriji we derlediji täsire eýedir.
Bagyr we öt biynjalyklyklarynyň bejergisinde peýdalanylýar.
Içegedäki biynjalyklyklary bejermek üçin, aýak çişmesi üçin tropiki görnüşde peýdalanylýar.
Lipa nähili sarp edilmeli?
Lipa, ýokarky dem alyş ýoly ýokançlary üçin peýdalydygy üçin esasanda gyş aýlarynda peýdalanylýar. Emma ony sarp etmek üçin haýsydyr bir aýa garaşmak gerek däl. Lipany ýylyň islendik aýynda peýdalanmak siziň saglygyňyz üçin peýdalydyr.
Günde 2-4 käse lipa çaýyny içmek ýeterlikdir.
Lipa nähili demlenmeli?
Lipa çaýynyň demlenme möhleti möhüm. Uzak wagtlap gaýnalyp, içilen lipanyň reňki we ysy gowy bolýan hem bolsa, düzümindäki maddalar azalyp, toksiki täsir emele getirer.
Hem ruhumyzy hem-de içimizi ýyladýan ajaýyp ysly gülüň bir tutumyny gaýnan suwa goşuň we 7-8 minut demläň. Soň çaýyňyzy içdä bilen içiň.
Lipany sarp etmegiň allergiki reaksiýalary bolup bilýär. Göwreli we emdirýän aýallar, ýürek keselli adamlar lipa çaýyny içmekden çetde durmaly.