Elli peýnirli şäher
Geňdir dünýe, Gindir dünýe
Türkiýäniň Balykesir şäherinde biri-birinden tagamly 50 görnüşi peýniriň öndürülýändigini bilýäňizmi?
Birnäçe medeniýetde saçaklaryň esasy tagamlaryndan biri bolan peýnirin geçmişi b.e. ozalky 5 müňinji ýyllara çenli uzap gidýär. Ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda we Ýewropada öndürlendigi aýdylýan peýnir, Türkiýede hem sarp edilýän esasy azyklardan biridir. Anadolynyň çar tarapyndan birnäçe görnüşli peýnir öndürilýär. Medeni taýdan goralýan we ykdysady taýdan esasy girdeji çeşmesi bolan peýnirler, Türkiýede 1995-nji ýyldan bäri “geografiýa taýdan” bellige alynýar.
Türkiýäniň peýnir önümçiligi taýdan iň baý sebitlerinden biri hem Balykesir. Bereketli Balykesir topraklarynyň Mermer hem-de Egeý denizinde kenarlary bar. Geografik ýerleşişi we bereketli topraklary sebäpli şäheriň ähli etraplarynda baý medeniýetleriň galyndylaryna gabat gelmek bolýar. Sebite gelip ýerleşen ýörükler, tatarlar, bosniýalylar, albanlar, gruziýalylar we çerkezler ýaly maldarçylyk bilen gyzyklanan halklaryň täsiri bilen Balykesirde süýt önümçiligi ýaýbaňlanypdyr we girdeji çeşmesi hökmünde peýniriň birnäçe görnüşi öndürlipdir. Balykesire mahsus peýnirin 50 görnüşi hasaba alnypdyr. Türkiýäniň peýnir jenneti hökmünde tanalýan Balykesir, günde 2 müň 200 tonna süýt önümçiligi bilen Türkiýäniň ilkinji 3 şäheriniň arasynda ýer alýar. Balykesirdäki iri we kiçi şahly mallaryň tebigi ýagdaýda iýmitlenendigi sebäpli sebitde öndürülýän peýnirler has tagamly bolýar.
Balykesiriň käbir peýnirleri giňden tanalýar, emma birnäçe görnüşi diňe öýlerde we oba ýerlerinde öndürilýändigi üçin tanalmaýar. Şol peýnirleriň tanyşdyrylmagy üçin 2 ýyl dowam eden ylmy barlagyň netijesinde “50 peýnirli şäher Balykesir” ady bilen ýörite kitap taýarlandy. Kitapda Balykesirdäki peýnirleriň görnüşleriniň hekaýalary, taryhy we öndürilşi gürrüň berilýär. Kitapda şeýle hem ýitip gitmegiň bäri ýanyna çenli gelen peýnirler hakynda maglumat berilýär.
“50 peýnirli şäher Balykesir” atly kitap, ÝUNESKO-nyň Gastronomiýa taýdan esasy şäher çinine eýe bolan Hytaýyň Makao şäherinde 2019-njy ýylda geçirlen Halkara bäsleşikde Türkiýä wekilçilik etdi.
Berrin Bal Onur we Neşe Aksoý Biber tarapyndan taýarlanan kitap “peýnir we süýt” kategoriýasynda “dünýäniň iň gowusy” hökmünde saýlandy.