Kars Kaşar Peýniri
Türkiýäniň Özboluşly Önümleri
Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitindäki taryhy Kars şäheri dünýä aşhanasynda özüne mynasyp abraý gazanan peýniriň görnüşleriniň biri bolan Kars Kaşar Peýniri bilen meşhurdyr.
Geçmişi 1920-nji ýyllara çenli uzap gidýän Kars Kaşar Peýniri, Kawkaz uniwersitetiniň Rektorlygynyň ýüz tutmagy netijesinde 2014-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.
Sebitiň belentlikdäki öri meýdanlarynyň iri şahly mallar üçin amatly şertlere eýe bolmagy we ösümlikleriniň köp dürlüligi Kaşar Peýniriniň önümçiligi üçin gerek bolan ýokary hilli süýde eýe bolmak taýdan amatlydyr.
Kars Kaşar Peýniri esasan hem sygyryň süýdünden ýasalmak bilen birlikde, sygyryň süýdüne goýunyň we geçiniň süýdi hem goşulyp öndürilip bilinýär. Kars Kaşar Peýniriniň ýasalşynda däp bolan usullar arkaly öndürilýän we “Teleme” diýip atandyrylýan çig peýnir, iki gezek rendeleneninden soň, deşik hrom sebetler bilen gaýnaýan gazana batyrylýar we sakgyç konsistensiýasyna gelýänçä çenli gaýnadylýar. Şol usula “Suwly gaýnadyş” usuly diýip atlandyrylýar. Gaýnadylan peýnir ownuk böleklere bölünip, birnäçe gezek basylýar we suw gowy edip süzülýär. Peýnir ussalary sakgyç konsistensiýadaky peýnir böleklerini 4-5 minudyň dowamynda gowy edip ýuguryp, gaýnadylan suwuň dolulygyna boşalmagyny üpjün edýärler. Soňra galyplara salynýan we duzlanan peýnir “Garyn düwmesi” usuly bilen şekillendirilýär. Galyplara goýulan peýnirler, takmynan 12 sagat soň galyplardan çykarylyp, duzlama we saklama otaglaryna geçirilýär we şol ýerde howa akymy bilen guradylýar.
Kars Kaşar Peýniriniň ýetişmeklik möhledi takmynan 6 aýyň dowamynda tamamlanýar. Bu döwrüň ahyrynda daşky görnüşi peýnir heňi bilen gaplanan Kars Kaşar peýniri islenýän ölçeglere bölünip satylýar.