Ýewraziýa respublikalarynyň gün-teribindäki wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanyndaÝewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki esasy meselelere ser salmakçy.

1991382
Ýewraziýa respublikalarynyň gün-teribindäki wakalar

2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Ýewraziýa ýurtlarynda möhüm halkara çäreler geçirildi. Geliň nobaty bilen olara ser salalyň.

Geçen hepde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gün tertibindäki esasy waka Hytaýda geçirilen Hytaý-Merkezi Aziýa Sammiti boldy. 18-19-njy maýda Hytaýyň Şian şäherinde 1-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Sammiti geçirildi. Sammitde çykyş eden Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 3,72 milliard Amerikan dollaryny bölüp berendiklerini beýan etdi. Sammitiň ahyrynda taraplaryň arasynda 8 ylalaşyga gol çekişildi Şian Jarnamasy kabul edildi. Merkezi Aziýa-Hytaý Sammiti 2025-nji ýylda Gazagystanda geçiriler.

Türkmenistandan daşgary Merkezi Aziýa döwletleri Prezidentleriniň Hytaýa guran saparlary döwlet sapary hökmünde habar berildi. Geçirilen özara duşuşyklaryň netijesinde Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda 23, Gyrgyz Respublikasy bilen Hytatyň hökümetiniň arasynda ikitaraply görnüşde 30 gün wyzasyz syýahat etmek hakynda ylalaşyga gol çekişildi. 19-njy maýda Prezident Kassym-Žomart Tokaýew Şianda Gazagystanyň Başkonsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletlerinin dünýäde köp sanly ýurt bilen 5+1  formatynda platformalary bar. Emma şolaryň arasynda Hytaý bilen döredilen 5+1 mehanizmi has netijeli ýaly görünýär. Şianda geçirilen sammit hem şonuň aşamaty.

Merkezi Aziýa-Hytaý sammitiniň geçirilen günlerinde Gazagystanyň Almaty şäheridne Merkezi Aziýa-ÝB 2-nji Ykdysady forumy geçirildi. Foruma sebit ýurtlarynyň premýer-ministrleri we ÝB Komissiýasynyň başlygynyň Orunbasary, Ýewropanyň gurluşyk we galkynyş bankynyň Başlygy, Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň Başlygy, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri bilen Latwiýanyň Ulaglar ministri gatnaşdylar.

2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tatarystanyň paýtagty Gazan şäherinde 14-nji Russiýa-Yslam dünýäsi: Gazan forumy 2023 geçirildi. Foruma 80 ýurtdan 16 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Forumyň çäginde 200-den gowrak çäre geçirildi. Russiýanyň Yslam dünýäsi bilen gatnaşyklary şol forumyň çäginde ösýär.

2023-nji ýylyň 14-nji maýynda Gagawuziýada geçirilen Prezidentlik saýlarynyň ikinji tapgyrynda Ýewgeniýa Gutsal üstün çykdy. Şor partiýasynyň dalaşgäri Gutsal saýlawa gatnaşanlaryň 54,56 göteriminiň sesini aldy. Ýewgeniýa Gutsal 4 ýyl möhlet bilen prezidentlik eder.

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Azerbaýjanyň Mejlisinde Haýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ýörite maslahat geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Alžiriň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Gruziýanyň, Müsüriň, Serbiýanyň, Täjigistanyň we İordaniýanyň mejlisleriniň başlyklary, TÜRKPA ýaly halkara parlamentar guramalarynyň baş sekretarlary gatnaşyp, çykyş etdiler. Maslahat mynasybetli Bakuwa baran myhmanlar Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildiler.

 


Etiketkalar: #Ýewraziýa Syn

Degişli Habarlar