Malatýa Arapgir agaç çüýli aýakgaplar

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

1991447
Malatýa Arapgir agaç çüýli aýakgaplar

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitiniň taryhy Malatýa şäheriniň Arapgir etraby hakyky senetçilik önümi bolan Agaç çüýli aýakgaby bilen Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň sanawyna adyny ýazdyrdy.

Arapgir etrabynyň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda eýeçilik önümi hökmünde hasaba alynan Tagta çüýli aýakgap sebitde ýüzlerçe ýyllyk taryha eýedir.

Aýakgabyň önümçiliginde aşgarlanan sygyryň dersi, sygyryň dersinden öndürilen aýakgap dabanyna tagta çüýler bilen çüýlenýär.

Agaç çüýler 5 mm uzynlygynda, 0,5 mm galyňlygynda bolup, ol buk, gaýyň we grab agaçlaryndan öndürilýär.

Bagjykly, boýunsaly we öňi howuzly diýip atlandyrylýan ençeme görnüşde öndürilýän Arapgir Agaç çüýli aýakgaplarynyň önümçiligi uly ussatlyk talap edýär.

Arapgir Agaç çüýli aýakgaplar taýýar galyplara laýyklykda öndürilýär, emma islege görä aýagyň ölçegleri alynyp, adamlara aýratyn ýörite ýagdaýda hem dikilip berilýär.  


Etiketkalar: #Malatýa , #aýakgap , #Arapgir

Degişli Habarlar