Kosmografiýa

Geňdir düýne, Giňdir dünýe

1988261
Kosmografiýa

 

Atatürkiň ilkinji türk astonomiýa kitabyny ýazdyrandygyny we Aýda bir kratere Atatürk adynyň dakylandygyny bilýäňizmi?

Milli Azat edijilik söweşiniň ýeňiş bilen tamamlanmagyndan soň türk halky üçin başga bir söweş başlaýar.

Bir tarapdan ykdysady kynçylyklara garşy göreş dowam edýär, beýleki tarapdan bilime, sungada uly maýa goýulýar we ýaşlar bilim almaklary üçin daşary ýurtlara ugradylýar. Şeýlelikde döwrebap ýurduň gurulmagy üçin täze başlangyçlar edilýärdi.

Şol döwürde ynsanlar astronomiýanyň näme diýmekdigini hem bilmeýärdi. Emma Atatürk öňdengörüjidi we bilime uly ähmiýet berýän döwlet adamydy. Sorbonne uniwersitetinde uçar inženerçili boýunça ýokary bilim alan Pr. Dr. Ali Ýardan astronomiýa kitabyny ýazmagyny isleýär. Dünýäde Atatürk ýaly astronomiýa kitabyny ýazdyran başga döwlet adamy ýokdyr.

Prof. Ali Ýar “Kosmografiýa” atly kitap ýazýar.  Ilkinji gezek 1929-nji ýylda dünýäniň ykdysady taýdan uly çökgünligi başdan geçirýän ýyllarynda neşir edilen kitap, litseýlerde 3-nji synyplarda ders kitaby hökmünde okadylýar.

Kitapda möwsümleriň emele gelişi, gara deşikler, Aristotel, Kopeknik we Galileo ýaly alymlaryň garaýyşlaryna, gün ulgamyna çenli birnäçe möhüm maglumatlar ýer alýar. Kitapda şeýle hem asmanyň kartalary, planetalar, ýyldyz toparlary, teleskoplar we Aýyň üstündäki kraterler görkezilýär.

1956-njy ýylda iňlis alymy Wilkins, Aýdaky iň uly kratere uly sarpa goýýan döwlet adamy Atatürkiň adyny dakýar.


 

Etiketkalar: #Ali Ýar , #astronomiýa

Degişli Habarlar