Ali  Ýar

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

1986004
Ali  Ýar

Ali  Ýar

Dünýäniň ilkinji üçar inženerinden biriniň türkdigini bilýäňizmi?

1885-nji  ýylda doglan Ali  Ýar, 1912-nji  ýylda Türkiýäniň ilkinji, dünýäniň üçünji uçar inženeri bolupdyr.

Ali  Ýar, Osman imperatorlygynyň soňky  ýyllarynda Galatasaraý litseýinde okaýar. Ali  Ýar, şol  ýyllarda 10  ýyl bolan bilimini 6  ýylda tamamlaýar we 1908-nji  ýylda  ýokary bilim almak üçin Fransiýanyň Sorbonne uniwersitetine gidýär. 4  ýylda uniwersitetde  ýokary bilim alandan soň Mehaniki gurluşyk we  ýokary inženerçilik mekdebini 1  ýylda tamamlaýar. 1912-nji  ýylda Türkiýäniň ilkinji dünýäde üçünji hökmünde uçar inženeri we uçarman hökmünde Stambula dolanýar.

Ali  Ýar Osmanlynyň soňky  ýyllarynda Galatasaraý litseýinde we Stambul uniwersitetinde matematika we fizika derslerini berýär. 1955-nji  ýylda hormatly dynç alyşa çykýança wezipesini dowam etdirýär.

Ali  Ýar Türkiýede matematikanyň ösdirilmegi üçin daşary  ýurtly neşirleri türk diline terjime edip okuw jaýlarynda okadylmagyny  ýola goýýar.

Astonomiýa boýunça  ýörite kitap  ýazan Prof. Ali  Ýar Stambulda 80  ýaşynda aradan çykýar.

 



Degişli Habarlar