Dünýä meşhur şefleriň hatarynda türk şefleriniň hem bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1964964
Dünýä meşhur şefleriň hatarynda türk şefleriniň hem bardygyny bilýäňizmi?

Dünýä meşhur şefleriň hatarynda türk şefleriniň hem bardygyny bilýäňizmi?

Dünýäniň iň gowy restoranlaryndan biri bolan we Stambulda ýerleşýän Mikla, şeh Mehmet Gürsüň “täze Anadoly aşhanasy” atlandyran menýusy bilen ünsleri çekýär. Finlýandiýada doglup, Şwesiýada kemala gelen şef Mehmet Gürs, uzak ýyllaryň dowamynda ABŞ-da işläp we aşhana talimini alandan soň 1996-njy ýylda Stambulda aşhana medeniýetine öz değerli goşandygyny goşmaga başlaýar.

Türk şefleri diňe bir Türkiýede däl, eýsem dünýäde-de tanalýarlar. 10 ýaşynda maşgala agzalary bilen Germaniýa göçen Tunjelili Ali Güngörmuş, Mişlen ýyldyzly ilkinji türk şef derejesine eýe. Kakasy Germaniýada işçi bolup işleýän Ali Güngörmüş, ýaşlykda aşhana bilen gyzyklanmaga başlap, gastronomiýa bölümini birinjilik tamamlaýar we Germaniýadaky Mişlen ýyldyzlyk birnäçe restoranda işleýär. Türk medeniýetiniň we aşhanasynyň köçe tagamlaryny batyrgaýlyk bilen aşhanalara utgaşdyran, 27 ýaşynda Ortaýer denizi sebitiniň aşhanasy konsepsiýasy bilen öz restoranyny açan şef, ol ýerde Mişlen ýyldyzly ilkinji türk şef derejesine eýe bolýar.

Germaniýada doglup, kemala gelen 35 ýaşly şef Gürkan Gözelçoban bolsa dünýäde Mişlen ýyldyzyna eý ebolan ikinji türk şefi. Deňizlili ejesiniň nahar reseptlerinden ylham alan Güzelçoban, restoranynda gastranomiýa we tagam ýaly sosial utgaşyklyga hem üns berýär. Meşhur şefin aşhanasynda we serwislerinde işleýänleriň esasy bölegi fiziki hem-de zehin taýdan maýyplardan ybarat.

Aziýanyň iň meşhur 50 restoranynyň hatarynda 36-njy orunda durýan Bankokdaky restoranyn aşhanasynda-da bir türk şef bar. Bolu welaýatynyň Mengen etrabynyň Aşpezlik mekdebini gutaran Fatih Tutak, uzak gündogaryň tapawutly nahar medeniýetinde türk taryhynda ylham alyp taýýarlan dolulygyna Türk-Ortaýer usuly menýuny hödürlemegiň hötdesingen gelipdir.

Türk aşhanasy baýly köpdürliligi we tagamlylygy bilen bolşy ýaly saglyga zyýansyz hem-de deňagramly iýmitlenmek üçin amatly, hat-da wegaterýan aşhanasyna hem ylham berýän nusgalary bilen günsaýyn hasam ünsleri çekýär.


Etiketkalar: #tagam , #aşpez , #aşhana , #nahar

Degişli Habarlar