Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Saglygym Baýlygym
Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Sowuklyk bejergisi
Eger çakyzaňyz bar bolsa, alnyňyza sowuk pressler goýmak maslahat berilýär. Polotensany ýa-da bir gap doňdurylan pedleri alnyňyza goýup bilersiňiz. Kelläňize buz kompresini edip, çagyzaňyzyň azalmagyny üpjün edip bilersiňiz. Bu kompresini 15 minudyň dowamynda kelläňize goýup, 15 minut arakesme beriň we soň ýene-de dowam ediň.
Kelläňiz bölekleýin agyrýan bolsa…
Eger kelläňiz bölekleýin agyrýan bolsa ýene-de sowuklyk arkaly bejergisinden ýa-da garaňky ýerde oturmak arkaly aýyryp bilersiňiz.
Gyzgyn Press
Eger kelläňiz dartylyp agyrýan bolsa, gyzdyryjy pedleri ýa-da gyzgyn polotensany ýeňsäňize goýuň. Kelläňiz sinuslar sebäpli agyrýan bolsa, agyrýan ýere gyzgyn mata bölejigini goýup bilersiňiz ýa-da ýyly duş almak peýdaly bolar.
Sakgyç çeýnemäň
Sakgyç çeýnemek diňe bir äňiňiz däl, eýsem kelläňiz üçin hem zyýanly bolup bilýär. Ol, dyrnaklaryňyzy, dodaklaryňyzy, owurdyňyzyň içini ýa-da galam ýaly jisimleri çeýnemek üçin degişlidir. Gaty ýa-da dykyz iýmitleriden çetde duruň. Gijelerine dişiňizi gyjaýan bolsaňz, diş lukmanyňyzdan agyr goraýyjy soraň. Ol, ir ertirki kelle agyryňyzy azaldar.
Suw we suwk azyklary sarp ediň
Ýeterlik mukdarda we kadaly suw içiň. Suwklygyň azlygy kelle agyrysyna sebäp bolup biler ýa-da ony agyrlaşdyrar.
Kelle derisine basyş etmek
Günüň dowamynda saçyňyzy dartyp örýän ýada ýygnaýan bolsaňyz, ol kelle agyrysna sebäp bolup bilýär. Şeýle “daşarky kompression kelle agyrylary”, papak, kelle daňysy hat-da ýygydan ulanylýan ýüzme äýneginiň dakylmagy sebäpli hem ýüze çykyp bilýär. Kelle agyryňyzy şulara baglylykda ýüze çykýan bolsa, saçyňyzy has gowşak ýygnaň.
Garaňky otag
Kompýuter ekranyndan ýaýraýan zyýanly şöhleler hem çakyzaňyzyň tutmagyna sebäp bolup biler. Eger şöhle sebäpli kelläňiz agyrýan bolsa, günüň dowamynda penjireleriňizi goýy tutular bilen ýapmak, güneş äýnegini dakynmak maslahat berilýär. Kompýuteriňiziň ekranyna goraýyjy filtr dakmak we otagdakyýagtylygy spektrly florasan lampalardan peýdalanmak peýdalydyr.
Az mukdarda kafein sarp ediň
Çaýwe kofe ýaly düzüminde kafein bolan içgileriň içilmegi hem kelle agyrysy üçin we beýleki agyrylar üçin peýdaly bolup bilýär.
Rahatlanma hereketleri
Dartdyrma hereketleri, ýoga, meditasiýa ýa-da myşsalary gowşatma hereketiniň hem kelle agyryna hem-de beýleki agyrylary azaldyp, aýyrýandygy bilinýär.
Massaž
Boýnuňyza birnäçe minut massaž etmek, stress sebäpli ýüze çykýan dartgynly kelle agyrysyny azaltmak üçin peýdalydyr.
Massžjyň basynç nokatlary
Kelle agyrysyny bejermek, bedeniňizdäki belli basynç nokatlaryna basyş etmek ýalyýeňildir. Mysal üçin äňiňizdäki agyrylary aýyrmak üçin äňiňze basyş edip, owmak maslahat berilýär.
Göz ýadawlygy sebäpli ýüze çykýan kelle agyrysyny aýyrmak üçin süýem barmaklaryňzyň uçlaryny gaşyňyzyň ortasyna basyp, çekiň ýa-da birnäçe minut owuň.
Baş barmagyňyz bilen süýem barmagyňyzyň arasyndaky nokady owmak stressi, kelle agyrysynywe beýleki agyrylaryýeňledýär.
Efir ýaglaryndan peýdalanyň
Lukmançylykda peýdalanylýan narpyz efir ýagywe lawanda efir ýagy kelle agyrysyny aýyrmak üçin iň peýdalyýaglardyr. İkisiniň hem agyrynyýeňlediji özboluşlyklary bardyr.
Äňlere efir ýagyny çalmagyň kelle agyrysynyýeňledýändigi anyklandy. Ýaglary gözleriňizden daşda tutmagyýatdan çykarmaň.
Lawanda efir ýagy bilen aromaterapeýa etmek bolsa çakyza agyrysynyň azalmagy üçin peýdaly.
Azyklar
Badam we çereşnýa ýaly düzüminde belok we süým mukdaryýokary bolan azyklar kelle agyrysynyň öňüni alýar.
Magniý sarp ediň
Bitter şokolad, kak injir, çig badam, skumbriýa we çig kädi çigidiniň düzüminde ýokary mukdarda bolan magniý, kelle agyrysy üçin peýdalydyr. Çakyza ýa-da dartgynly kelle agyrysy bolan adamlaryň beýnisinde şol mahal magniýniň mukdary pes bolýar.
Zenjebiliň peýdalary
Golaýda geçirilen barlag, zenjebil sarp etmegiň hassahanada çakyza sebäpli bejergi alýanlaryň agyrysyny azaldýandygyny ýüze çykardy. Goşmaça zenjebil sarp ediň ýa-da zenjebil çaýyny içiň.