Intellektiň koeffisiýenti (IQ) ýaly gymmatly: Duýgular

Bilesigelijiniň Bellikleri

1958502
Intellektiň koeffisiýenti (IQ) ýaly gymmatly: Duýgular

Intellektiň koeffisiýenti IQ (Akyl ýetiriş görkezijileri) ýaly gymmatly: Duýgular

Içinde adam bolan meseleleri çözmegiňizi we adamlar bilen bilelikde islenýän netijelere ýetmegiňizi üpjün edýän intellektiň başgaça aýdanymyzda akyl ýetirişiň iki görnüşi: Emosional intellekt (Duýguly akyl ýetiriş) we Sosial intellekt (Jemgyýetçilik akyl ýetiriş)

Ankaradan ýaýlyma berilýän Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Intellektiň koeffisiýenti ýa-da akyl ýetiriş görkezijileri ýaly gymmatly: Duýgular atly temanyň üstünde durup geçeris.

Dünýä uly bir tora öwrüldi, tehnologiýa tiz depginler bilen özgerdi. Şol sebäpli ählimiz has hem sosial janly-jandarlara öwrüldik.

Çylşyrymly gurşawlarda beýleki adamlara, hatda tanamaýan adamlarymyzada täsir edýäris ýa-da tersine olardan täsir alýarys. Tehnologiýa bilen özgeren aragatnaşyk enjamlarynyň köplügi we tapawutlylygy bizi has ýygy-ýygydan sosial gurşawlarda bolmagymyza, başga adamlar bilen aragatnaşyk içinde bolmagymyza, başga adamlar bilen bilelikde işleşmegimize sebäp döretdi.   

Elbetde däp bolan maşgala gatnaşyklarymyz hem üýtgedi, emma netijede üýtgeşme iç tarapa däl, eýsem daşary, beýleki adamlara tarap boldy.

Meseleleri çözmekde intellektiň berýän artykmaçlygyny hiç kim inkär edip bilmez, emma intellekt barada aýdylanda köp adam analitikany, kitaby, akyl ýetirişi göz öňüne getirýär, emma tapawutly meseleler çözmek üçin tapawutly intellekt elementlerine zerurlyklar bar. Şol sebäpli IQ testleri bilen ölçelen intellektimiziň ululygy islendik ugurdaky meseläni çözüp biljekdigimiz manysyny bermez, dine IQ we tehniki başarnyklar ýaşaýyş-durmuşymyzda bizi uzaklara alyp gidýär.

Bilýän dillerimiziň sany we hat-da matematikadaky mysallary nähili çalt çözüp bilmegimizden garaşsyz ýagdaýda intellekt has köptaraplaýyn bir ölçegdir. Bizi çözgütsiz goýan meseleleriň aglabasy adamlar bilen baglanşyklydyr.

Intellektiň koeffisiýenti ýagny IQ-myz nähili ýokary bolsa bolsun, içinde adam bolan ýagdaýlaryň hötdesinden gelmegimize kömek bermeýär. 

Içinde adam bolan meseleleri çözmegimizi we adamlar bilen bilelikde islenýän netijelere ýetmegimizi üpjün edýän we IQ synaglarynda ölçäp bolmaýan iki görnüş intellekt iş dünýäsinde we liderlikde başarnyk üçin örän möhümdir: Şolaryň biri Emosional intellekt, beýlekisi bolsa Sosial intellektdir.

Duýguly, duýgur adamlaryň emosianal intellektleri güýçlüdir ýaly pikir dogry däldir.

Emmosional intellekt duýgular bilen baglanşyklydyr, emma emmosional gurluşda bolmakdan zyýada, aslyna garanyňda özümiziň we beýleki adamlaryň duýgularyny häsýetlendirmek we olary dolandyrmak bilen baglanşykldyr.

Emmosional intellekt umuman alanymyzda üç başarnygy özünde jemleýär: Bir: Emmosional habarlylyk we şahsyýetiň öz duýgularyny kesgitlemek we atlandyrmak ukyby. Iki: Şol duýgulardan peýdalanmak we olary pikir ýöretmek we hat-da meseleleri çözmek ýaly wezipelerde ulanmak ukyby. Üç: Gerek bolan mahaly hem öz duýgularyny düzgünleşdirmegi hem-de beýleki adamlaryň ýaňky aýdylany ýerine ýetirmegine kömek bermegi özünde jemleýän duýgulary dolandyrmak ukyby.

Emmosional intellektiň şol üç düzüminiň saýasynda beýleki adamlaryň duýgularyna göz ýetirýäris, öz duýgularymyzy we hereketlerimizi şoňa gorä uýgunlaşdyryp bilýäris, gapma-garşylyklary çözüp bilýäris.

Beýleki tarapdan emmosional intellekt içerki bir intellektdir, ýagny adamyň özüne dogry gönükdirilendir. Şol pursat başyndan geçirýän zatlaryna emmosiaonal taýdan uýgunlaşmak we dik durmak ukybydyr.

Sosial intellekt bolsa has giň düşünjä eýedir, adamlaryň arasyndaky intellektdir we ol geljekdir. Sosial intellekt bilen emmosional intellektiň arasyndaky adaty tapawut, emmosional intellektiň adamyň öz duýgularyna we beýleki adamlaryň duýgularyna göz ýetirmek ukybydyr, sosial intellekt bolsa adamlara göz ýetirmek we olar bilen aragatnaşyk saklamak ukybydyr.

Emmosional intellekt bar bolan ssenariýler üçin karar kabul etmäge kömek berýän bolsa, sosial intellekt geljek üçin kararlar kabul etmegimize kömek berýär.

Özümize we beýleki adamlar bilen saklaýan gatnaşyklarymyza göz ýetirmek üçin şol iki nusga hem zerurlygymyz bar.

Habar çeşmesi: TRT Bilim platformasy/Instruktor Yşyl Taýsewer.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Ankaradan ýaýlyma berilýän Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Intellektiň koeffisiýenti ýa-da akyl ýetiriş görkezijileri ýaly gymmatly: Duýgular atly temanyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #adam , #duýgy , #intellekt

Degişli Habarlar