Kahramanmaraşyň gadymy döwürlerden bäri mis zergärçiligi bilen meşhurdygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1958190
Kahramanmaraşyň gadymy döwürlerden bäri mis zergärçiligi bilen meşhurdygyny bilýäňizmi?

6-njy fewralda uly weýrançylykly ýer titremäni başdan geçiren Kahramanmaraşyň gadymy döwürlerden bäri mis zergärçiligi bilen meşhurdygyny bilýäňizmi?

Asyrlardan bäri swilizasiýalaryň höküm süren diýary bolan Anadolyda köp görnüşli el hünärlerleri hem giňden ösüpdir. Şolardan biri hemn “misden gap-gajak ýasama sungaty” atlandyrylýan “misçilik” sungatydyr. Çatalhoýýukda geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde biziň eýýamymyzdan ozal tebigy mis işlenip, köp sanly goşuň ýasalandygy ýüze çykaryldy. Misiň ýenjilip, şekillendirilmegi we bezelmegi bilen ýasalan dürli aşhana we bezeg goşlarynyň öndürilen adaty el hünäri biziň günlerimizde-de giňden dowam edýär.

Taryhda bütin Anadoly bolşy ýaly Maraşda hem mis gap-çanaklar iňňan möhümdi we nesil-nesile miras galýardy. Kahramanmaraşyň iň gadymy el hünärlerinden biri bolan misçilik, el hünäri taýdan Türkiýede uly meşhurlyga eýedir. Misçilikde birnäçe usulyň bardygyna garamazdan Maraş misçiligini öňe saýlaýan “ýençme” usulydyr. Zähmete esaslanýan bu usul, uzak möhlet we el güýjüni talap edýär. Ýençme usulyndan peýdalanylýan misçilik sungaty, 1950-nji ýyllardan soň Kahramanmaraşda hasam ösýär we mis önümler Türkiýäniň çar tarapyna ugradylmaga başlanýar. Köp sanly mis ussasynyň eýe bolan sungatyna Kahramanmaraşda tas her öýde gabat gelmek mümkin. Wazo, legen, gazan, mangal, çelek we dürli bezeg goşlary mis ussalary tarapyndan ýasalýan goşlardan kabirleri. 70 göterime barabary mis we 30 göterime barabary sinkden ýasalýan bürünç hem mis ussalary tarapyndan sünnälenip, dürli goşlar we bezeg önümleri öndürilýär. Ýençme usuly bilen ýasalýan mis gaplar galyň we çydamly bolýar. Kahramanmaraşda öndürilýän mis goşlara daşary ýurtlardan hem uly isleg bildirilýär.


Etiketkalar: #mis , #Kahramanmaraş , #hünär

Degişli Habarlar