Bagt ýokýan zat: Hudaýa Şükür

Bilesigelijiniň Bellikleri

1954869
Bagt ýokýan zat: Hudaýa Şükür

Adamyň bagtynyň gözbaş çeşmesiniň bir bolan şükür duýgusy we onuň bagtly durmuşymyzdaky ähmiýeti.

Radyo: TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki sanynda Adamyň bagtynyň gözbaş çeşmesiniň bir bolan şükür duýgusy we onuň bagtly durmuşymyzdaky ähmiýeti atly temanyň üstünde durup geçeris.

Bagt ýokýan zat. Bagtly bolmak üçin çykan ýolumyzda, ýola näme sebäpli çykandygymyzy ýatdan çykarmaly däldiris. Döwrümiziň adamlarynyň bagtsyz bolmagynyň iň uly sebäpleriniň biri hem bagta nähili ýetjek boluşlarynda. Bagty diňe maksatlara ýetmek bilen baglanyşdyrmaly däldiris.

Adamyň bagtynyň gözbaş çeşmesiniň bir bolan şükür duýgusy we onuň bagtly durmuşymyzdaky ähmiýeti, bagtsyz bolan mahalymyz näme etmelidiris? Instruktor Alp Beýje bize mesele bilen bagly beýannama berdi.

“Hormatly dostlar, siz bagtlymy? Men bagtly. Şu wagt hem özüme bagtly diýip bilerin, sebäbi durýaryn we töweregime, duruşyma ser saldym. Gören zatlaryma şükür edýärin. Aslyna garanyňda şükür etmek bagtyň çeşmeleriniň biri. Muňa ýetip bilmeýänler hem bar, oturup-turanymyzda ýagdaýymyza şükür edeliň, boýun egmekligi däl. Elbetde eýe bolan ähli zatlarymyz üçin, ýagny saglygymyz, habarlylygymyz, maşgalamyz, dostlarymyz ýaly. Şükür edeliň emma bu ýerde öz bagtyňyza göz ýetirmek üçin başga adamlaryň kemçiliklerinden ylham almagy göz öňünde tutmaýaryn. Durmuş bize ýagdaýlary hödürleýär. Şol ýagdaýlaryň käbirlerinde biz bagtly, käbirlerinde bolsa bagtsyz bolýarys. Bagtly bolmagymyzy üpjün edýän zatlar barada gürrüň etjek zadymyz ýok. Geliň bagtsyz bolan ýagdaýlarymyzda nämeler edip bileris, oňa ser salalyň.

Bagt salgylanma derejesi

Ilki bilen haýsy ýagdaýlarda bagtly bolýandygymyza göz ýetirmek üçin ilkinji obatda nämeleriň bizi bagtly edip biljekdigi bilen bagly salgylanma derejesini emele getirmegimiz gerek. Şol derejäni ýüze çykaran ýagdaýlaryň we duýgularyň nämä görä baha berýändigimizi bilmek we göz ýetirmek üçin emele getirmelidiris.

Salgylanma derejesiniň ýoklugy bize iki aýry görnüşde zyýan ýetirip biler. Birinjisi, plankany örän aşakda saklap, dowamly bir bagtly hyýal illýuziýasy bilen, ýagdaýy we duýgulary nädogry ýa-da doly däl häsýetlendirip, belli bir wagt soň bolsa lapykeçlige sezewar galyp bileris. Ikinjisi bolsa, plankany örän ýokary tutup, aslynda bagtly bolup biljek ýagdaýlarymyzy hem ünsden düşürip, durmuşdan lezzet alyp biljek ýagdaýlardan mahrum galyp bileris.

Salgylanma derejämizi dogry we takyk kesgitlemek üçin şükür etmäge zerurlygymyz bar.

Irden turup, turanymyza göz ýetirmegimizden başlap, durmuşda häzirki wagta çenli ýeten sepgitlerimiz: maşgalamyz, edinen dostlarymyz, häzirki wagtda çenli alan we beren söýgümiz, dogabitdi ukyplarymyz we her dürli üstünlikleri üpjün edýän başarnyklarymyza çenli durmuşymyzyň islendik pursadynda şükür etmek duýgymyz örän köp.

Şükür etmek bagt çeşmesi hökmünde nädip ulanylyp biliner?

Olar ýaly bolsa onda şükür etmegi bagt çeşmesi hökmünde nädip ulanyp bileris?

Jogaby örän aňsat: Eýe bolan zatlarymyzyň sanawyny düzüň.

Sizi beýleki adamlardan tapawutlandyrýan ukyplaryňyzy, ýeten sepgitleriňizi, söýen we söýülýän gatnaşyklaryňyzy, tejribeleriňzden alan sapaklaryňyzy, buýsanç duýan her bir pursadyňyzy ýazyň. Sanawa goşan her bir setiriň sizi has hem şatlandyrjakdygyny görersiňiz.

Şonuň bilen birlikde bir sanawa garaşly bolman hem şükür etmegi öwreniň. Ýaşaýandygyňyz üçin, ýaşaýandygyňyzy bilýändigiňiz üçin. Durmuşyňyza many berjek ýene-de bir gün üçin, ýene-de bir mümkinçilik üçin şükür ediň. Diňe barlygyňyz üçin hem şükür etmegiňiz sizi şatlandyrar, durmuşa bolan höwesiňizi artdyrar.

Durmuşa bolan höwesiňiz artan mahaly bolsa ýaşaýyşyňyza has oňyn penjireden gararsyňyz, wakalara has oňyn ýagdaýdan garasyňyz. Hany şükür etmäge başlalyň. Bagt şükür etmegiň edil yz ýanynda.

TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki sanynda Adamyň bagtynyň gözbaş çeşmesiniň bir bolan şükür duýgusy we onuň bagtly durmuşymyzdaky ähmiýeti atly temanyň üstünde durup geçdik. 

Çeşme: Trt Bilim Platformasy.



Degişli Habarlar