Emeli intellektiň surat çekmek ukyby

Bilesigelijiniň Bellikleri

1951698
Emeli intellektiň surat çekmek ukyby
yapay zeka.jpg
yapay zeka portre.jpg

Emeli intellektiň surat çekmek ukyby. Belki, ol ýerde kiçijik ýakymly "emeli intellekt" bardyr.

Emeli intellektiň soňky önümi bolan suratkeş programmalarynyň saýasynda ençeme wagtyňy alýan işleriňi gysga wagtyň içinde tamamlap bolýar.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa Emeli intellektiň surat çekmek ukybynyň üstünde durup geçeris.

Suratkeşlik, sazandalyk, ýazyjylyk. Her biri biri-birinden tapawutly başarnyklar. Ähli zadyň sanlylaşýan häzirki döwürde ukyplar hem şol ýolda özgerýär. Emeli intellektiň giňden ulanýan Suratkeşlik kodlary.

Tehnologiýa çalt depginler bilen özgermegini dowam etdirdigi saýyn, bizi haýran galdyrýan ençeme täzeligi hem ýany bilen alyp gelýär. Emeli intellekt barada köp zatlar aýdylýar, emma näme peýdasynyň bardygy we anyk düzümi barada az sanda maglumat bar. Emeli intellektiň soňky önümleriniň biri hem suratkeşlik programmalardyr.

Esasy işi kompýuterler üçin grafiki kart öndürmek bolan Nvidia kärhanasy, beýleki tarapdan bolsa emeli intellekt ugrunda hem işler alyp barýar. Soňky önümleriniň biri hem Canvas.

Canvas atly programmanyň düzüminde materiallar bar. Ulanyjy panelinde dag, suw, ot, bulut ýaly zatlaryň arasyndan haýsyny isleseňiz saýlaýar, ondan soň şol material bilen boş sahypaňyzy boýaýarsyňyz. Emeli intellekt size hakyky bir surat emele getirýär. Siz materiallar bilen boýadygyňyz saýyn emeli intellekt edýän işleriňize laýyklykda suratlary düzgünleşdirýär. Canvas aýtaynlyklary bilen size diňe hyýal etmegi goýar. Galan ähli zady özi amala aşyrýar. Siz diňe çyzyk çyzýarsyňyz we programma hem size islän suratyňyzy çekip berýär.  

Siz aýdyň, emeli intellekt çeksin

Şuňa meňzeş başga işler hem bar. Web esasly programma üpjünçiligi DALL-E atly ýene-de bir programma bolsa akylyňzda dizaýn eden sahnany sözler bilen ýazýarsyňyz. Galan ähli zady bolsa emeli intellekdiň özi ýerine ýetirýär. Programma size ýazan zadyňyzy tapawutly görnüşlerde surata öwürýär. Önümler hem hakykatdan hem şowly.

 “Zehinli kodlar” geljekdäki sungat işgärlermi?

Emeli intellektiň edil ulanyjylarynyň tejribesini başyňyzdan geçirmek mümkinçiligini hödürleýän şol programmalar täze nesil tehnologiýanyň haýsy sepgide ýetendigini görkezýär. Tiz depginler bilen özgerýär we özgerdigi saýyn käbir ugurlary ortadan aýyrýar. Çalt depginler bilen özgerýän emeli intellekt ýeňillikleri hem ýany bilen getirýär. Surat çekip bilmek üçin ukyba ýa-da bilime bolan zerurlugy ýok hökmünde hasap edýän programmalar şolara bir mysal. Köp wagtyňyz sarp edýän işleriňizi gysga wagtda bitirp bilýän ýaly görünsede, şol ýagdaý adamlaryň aňlarynda şu soragy döredýär: Zehiniň ýerini kodlar alýarmy?

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa Emeli intellektiň surat çekmek ukybynyň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar