Türkiýäniň Goranyş Senagaty
Türk goranyş senagaty ýyldyz kimin parlamaga dowam edýär. Soňky ýyllarda uly ösüş depginine eýe bolan pudak, esasanda 2022-nji ýyly ýokary netijeler bilen tamamlady.

Türk goranyş senagaty we awiasiýa pudagy, 2022-nji ýylyň dowamynda 4,3 milliard dollara barabar eksport amala aşyrdy. 2021-nji ýylda 3,2 milliard dollara barabar eksport edip, şol döwre çenli bolan rekordy goýan Türk goranyş senagaty we awiasiýa pudagy, şeýlelikde bu ugurda täze rekod goýdy.
Adalat we ösüş partiýasynyň häkimiýet başyna gelmeginden başlap strategik pudak hökmünde kabul edilen Türk goranyş we awiasiýa pudagy, günsaýyn ösmäge dowam edýär. Esasanda soňky ýyllarda ýyldyz kimin parlaýan pudak, diňe bir 2022-nji ýylda 4,3 milliard dollarlyk eksport etdi. Şeýlelikde 2022-nji ýyl üçin maksat edinilen 4 milliard dollarlyk eksport amala aşyryldy. Pudagyň eksport boýunça birinjisi 2021-nji ýylda bolşy ýaly “BAÝKAR” firmasy boldy. Meşhur “TB2-leriň” öndüriji bolan firma, 2022-nji ýylda 1,18 milliard dollarlyk eksport amala aşyrdy. 50 milliard dollarlyk göwrüme eýe bolan Türk goranyş senagaty pudagynda birnäçe firma bolsa global ligada ýokarky başgançaklara çykýar. Dünýädäki ençeme ýurda eksport toruny giňeltmegiň ýany bilen birnäçe türk firmasy dünýäniň başarjaň 100 firmasynyň hataryna goşuldy. 7 Türk firmasy goranyş senagaty pudagynda ýokary hili global bäsdeş sanawyna girdi. Esasanda “Aselsan”, “TAİ” ýaly türk firmalary ägirt uly üstünlikler gazanýarlar.
Türkiýe daşary syýasatda öz bähbidini ileri tutýan syýasat alyp barýan bolsa, gynansagam günbatarly ýaranlary tarapyndan uly çäklendirmelere sezewar boldy. Esasanda ýarag embargolary türk harby goşunynyň ýüzöwürdijiligini nyşana aldy. Emma şol sanksiýalar we ambargolar, Türkiýäniň ygrarlylygyny güýçlendiren bolsa, türk goranyş senagatynyň hem ösmegine goşant goşdy. Şu günki günde türk goşunlarynyň zerurlyklarynyň 80 göterimi milli önümçilik şertleri bilen kanagatlandyrylýar. Pudak milliardlarça dollarlyk eksport edýär.
Elbetde Türkiýäni bu ugurda başga ýurtlardan tapawutlandyrýan esasy özbolyşlyk işjeň ýagdaýda çaknyşyklara gatnaşýar, serhetaşa harby operasiýalar guraýan ýurt bolmagy. Şeýlelikde Türkiýe hem meýdandaky isleglerini kesgitleýär hem-de öndürýän ýarag ulgamlaryny işjeň ýagdaýda synagdan geçirmäge we hasam kämilleşdirmäge mümkinçilik tapýar. Esasanda ýaragly uçarmansyz howa ulagy boýunça türk firmalary söweşiň tebigatyny özgerdýän täzelikleri oýlap tapyp, pudakda birinji orna göterildi. Yrakda, Siriýada, Liwiýada, Azerbaýjanda howa ulaglaryna esaslanýan söweş konsepsiýalary düzülýän bolsa, ýaragly uçarmansyz howa ulaglary alýan netijesi bilen dünýäde täze bir fenomene öwrüldi. Häzirki wagtda 30-dan gowrak ýurtda Türkiýeden şol ulaglary satyn aldy. Onlarçasy almak isleýär.
Türkiýäni beýik döwlet bolmak taýdan gelejege göterjek pudaklaryň başynda goranyş senagaty durýar. Türk hökümeti oňa göz ýetirip, pudaga goldawyny dowam etdirýär. Goranyş senagaty edarasy türk goranyş senagatyny 2053-nji ýyla çenli doly garaşsyz ýagdaýa getirmegi we eksport ukybyny 50 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär. Hökümet 2003-nji ýyldan bäri pudaga uly goldaw berýän bolsa, esasanda soňky döwürde türk harby senagaty pudagynda uly özgerliş tapgyry başdan geçirildi. 2016-njy ýyldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň goranyş senagatynyň Prezidentiň garamagyna degişli edilmegi we “Goranyş senagaty edarasynyň” döredilmegi hem şoňa baglylykda boldy. Şeýlelikde goranyş senagatyndaky ösüş we depgin hasam artar.