Çarşamba Aýakgaby

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1936261
Çarşamba Aýakgaby

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky Samsun şäheriniň Çarşamba etraby şekili, önümçiligi we ulanylyşy bilen ünsleri özüne çekýän aýakgabyň görnüşleriniň birine öz adyny berdi.

Ýumurtga ökjeli Çarşamba aýakgaby, gysgaça bolsa Çarşamba aýakgaby ençeme ýyllaryň dowamynda öndürilen aýakgap görnüşleriniň biri bolup, ol 2020-nji ýylda Çarşamba etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Tikin maşyn ulanylmadan dolulygyna elde ýasalýan aýakgabyň, özi we içligi göläniň we geçiniň derisinden öndürilýär, ökjesine bolsa agaç ökje oturdylýar.

Çarşamba aýakgaby adyny hem şol ýumurtga görnüşindäki agaç ökjeden alyp gaýdýar.

Inçe we uzyn uja eýe bolan bajyksyz aýakgaby, deriniň uly bir böleginden öndürilip, tikinçilik işlerinde çürt-kesik sapak ulanylmaýar.

Aýakgabyň ýumurtga görnüşindäki ökjäniň beýikligi 35 mm bolmak bilen birlikde, giňligi aýakgabyň ululygyna laýyklykda bişirilen agaç ökje bilen sazlanýar.

Aýakgabyň ökje bölümine hem basylyp geýilýän Çarşamba Aýakgaby ak jorabyň üstünden, inçe kül reňkindäki balak, jübüli ýeňsiz we sekizburçly papak bilen esasan hem şol sebitdäki ýaşlaryň simwoly ýagdaýyna öwrüldi.



Degişli Habarlar