NASA-nyň Artemida atly Aý programmasy

Bilesigelijiniň Bellikleri

1925907
NASA-nyň Artemida atly Aý programmasy

NASA-da işleýän astrofizik Umut Ýyldyz: “Aýda kolonizasiýa başlamaga örän golaýladyk” diýdi

Aýa adam bilen amala aşyrylan soňky uçuşdan edil 50 ýyl soň, NASA Aý programmasy Artemidany başlatdy

“Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde “NASA-nyň Artemida atly Aý programmasynyň” üstünde durup geçmek isleýäris.

Aýa adam bilen amala aşyrylan soňky uçuşdan edil 50 ýyl soň, NASA Artemida atly Aý programmasyny başlatdy. NASA-da işleýän astrofizik Umut Ýyldyz, Artemida programmasy we Aýda kolonizasiýanyň jikme-jikligi barada maglumat berdi.

Amerikan Milli awiasiýa we älem edarasy NASA adamlaryň ýaňadandan Aýa uçup bilmekleri we Aýda ýaşamak üçin iş alyp barýar.

NASA-da işleýän astrofizik Umut Ýyldyz, birnäçe hepde ozal başlan Aýa gidiş taslamasy Artemidanyň jikme-jikligini TRT Habar kanalyna gürrüň berdi.  

Adamlaryň Aýda ýaşamak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdan Umut Ýyldyz, häzirki wagtda şol ýagdaýa örän golaýlap gelýändiklerini habar berdi.

Ilki bilen Aýyň töwereginde uçuş amala aşyrylar

Ilkinji taslamanyň Aýa çenli baryp, onuň töwereginden aýlanyp, soň bolsa dünýä gelmekden ybaratdygyny we şol taslamanyň 25 gün dowam etjekdigini aýdan Umut Ýyldyz: “Şol taslamadaky maksadymyz diňe ol ýere adamlary alyp gitjek kapsulanyň Dünýä gaýdyp gelen mahaly howpsuz ýagdaýda gonarmy soragyna jogap tampakdyr” diýip nygtady.

Amala aşyryljak 2-nji missiýada bolsa hakyky astronawtlaryň gitjekdigini we Aýa gonmadan Aýa çenli golaýlap, Aýyň töwereginden aýlanyp yzyna gaýdyp geljekdiklerini aýdan Umut Ýyldyz: “Ol hem üstünlikli ýagdaýda geçen mahly 2025-nji ýylda ýaňadandan Aýa gaýdyp baryşymyzy göreris” diýip habar berdi.

Ilkinji taslama bolan Artemida 1-iň çäginde radiasiýa ölçegleri ýerine ýetiriler we astronawtlaryň geýjek egin-eşikleri synagdan geçiriler.

Umut Ýyldyz älem giňişligindäki radiasiýa mukdaryny anyklamak bilen bagly edilýän işler barada: “Häzirki Artemida-1 taslamasynyň içindäki Orion kapsulasynda 3 sany nusga bar. 1 sany nusganyň üstünde ähli egin eşikler bar, 1 sany nusganyň üstünde radiasiýadan goraýan egin-eşik bar. Soňkusynda bolsa hiç hili egin eşik ýok. Her birinde sensorlar bar we älem giňişligindäki şol ýolagçylyk boýunça hakyky astronawtlar ol ýerde bolan mahaly alyp biljek radiasiýa mukdaryny anyklamak üçin şolar ýaly dizaýn edildi” diýip mälim etdi.

Aý bilen bagly missiýalar has uzak wagt dowam eder

NASA tarapyndan mundan soň meýilleşdirilen Aý missiýalary, has uzak möhletli bolar.

Şol taslamadan soň koloniýa programmasynyň boljakdygyny aýdan Umut Ýyldyz: “Şol koloniýa programmasy bilen bilelikde Aýyň töwereginden uçuş amala aşyrjak bir emeli desga gurular we Dünýäden barjak adamlar şol desga bararlar. Ol ýerde biraz galarlar we ondan soň Aýa gonarlar” diýip habar berdi.

Gutarnykly maksat Dünýäden çykmakmy?

Soňky maksat, Aýdan soň Marsy kolonizasiýa etmekmi?

Gutarnykly maksatlarynyň Dünýäden çykmak bolup biljekdigini aýdan Umut Ýyldyz, elbetde ähli adamlaryň başga planetalara göçmek ýaly meýilleriniň bolmandygyny beýan etdi.

Umut Ýyldyz başga planetalarda ylmy derňew merkezleriniň bolup biljekdigini belledi.


Etiketkalar: #programma , #NASA , #Aý , #Artemida

Degişli Habarlar