Kädi çigidiniň peýdalary
Geçirilen barlaglar kädi çigidiniň peýdalygyny görkezýär.
Düzüminde hassalyklara garşy göreşýän antioksidentler ýokary mukdarda
Kädi çigidi, öýjüklerimizi hassalyklara sebäp bolýan mikroplardan goraýan we bedenimizdäki iriňlenmäni azaldýan ençeme antioksidenti özünde jemleýär. Geçirilen barlaglar kädi çigidiniň iriňlemäniň öňüni alyjy özbolyşlylarynyň bagyr, siýdik halta, içege we bogunlaryň sagdynlygy üçin möhümdigini görkezýär.
Immuniteti güýçlendirýär
Kädi çigi, düzümindäki E witamini we sink arkaly immunitet ulgamymyz üçin peýdalydyr. Sink bedenimizi iriňlemeden, allergiýadan we mikroplardan goraýar, şeýlelikde ýokançlaryň öňüni alýar hem-de umumy immuniteti güýçlendirýär.
Bedeniňiziň agramyna gözegçilik etmek üçin peýdalydyr
Kädi çigidini çakmak, horlanmak isleýänler üçin maslahat berilýär. Bedendäki ýagy azaltmak we myşsalary güýçlendirmek üçin peýdalydyr.
Ýürek üçin peýdaly
Magniý, kaliý we peýdaly ýag aşgalaryny özünde jemleýändigi üçin kädi çigidiniň, esasanda onuň ýagynyň ýürek üçin peýdalydygy anyklandy.
Kädi çigidiniň ýagy uly adamlaryň ganyndaky peýdaly HDL holesterin derejesini artdyryp, ganyň basyşyny azaldýar.
Aýratynam kädi çigidi gan damarlaryny giňeldip, ýüregiň kadaly işlemegini üpjün edýär.
Ganyň düzümindäki süýjüni kadalaşdyrýar
Kädi çigidiniň esasy peýdalaryndan biri ganyň düzümindäki süýjüni kadalaşdyrmagydyr. Kädi çigidi süýji kesellilerde süýjüniň gözegçiligi we gan aýlanyşyndaky süýjüniň siňdirilmegini haýalladýan belok hem-de süým taýdan baýdyr.
Kadaly uky üçin peýdaly
Ýatmazdan öň kädi çigidini çigitlemek, rahat uklamagyňyz üçin peýdalydyr. Kädi çigidiniň düzüminde uky getirýän tebigy maddalardan triptofan bardyr. Kädi çigidiniň düzümindäki magniý, sink, mis we selen ukynyň möhletiniň uzamagy we kadalylygy taýdan peýdaly elementlerdir.
Prostata üçin peýdaly
Kädi çigidiniň düzümindäki antioksidentler, ýag aşgarlary we sinç ýaly baý ösümlik azyklary sebäpli esasanda erkeklerde protata sagdynlygy üçin peýdalydyr.
Gowy görnüşli prostata ulalmasy bolan erkeklerde şikaýatlary azaldyp, ýaşaýyş hilini ýokarlandyrýar.
Rak öýjüginiň ululmagynyň öňüni alýar
Kädi çigidi ýokary antioksident düzümi arkaly rak keseliniň öňüni almak üçin peýdalydyr. Göwüs ragynyň öňüni almak hem-de onuň bejergisi üçin maslahat berilýär.
Kädi çigitli diýetalar aşgazan, öýken, içege we göwüs ragy ýaly rak keseliniň dürli görnüşleriniň ýüze çykma howpuny azaldýar.
İýmitlenme
Kädi çigidiniň düzüminde ýaralaryň gutulmagy üçin peýdalybolan manganez we K witamini ýaly witamin we minerallar bar. Aýratynam immunitet ylgamynyň bakteriýalara we wiruslara garşy göreşmegine goşant goşýan sinki üzünde jemleýär.
Ýumurtalyk Plikistozy sindromy rahatlandyrýar
Käbir barlaglar, kädi çigidiniň gormonal deňagramlygy kadalaşdyryp, ýumurtgalyk polikistozy sindromy bolan zenanlarda rahatlanma emele getirýändigini ýüze çykardy. Kädi çigidi zenanlaryň holesterinini aşaklatmak üçin peýdalydyr.
Peşew haltanyň funksiýasyny kadalaşdyrýar
Aşa işjeň peşew halta şikaýatlaryny azaldyp, peşew funksiýasyny kadalaşdyrýar.