Türkiýe, dünýäde iň köp syýahat edilýän 6-njy ýurt

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

1911083
Türkiýe, dünýäde iň köp syýahat edilýän 6-njy ýurt

Dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň hatarynda Türkiýäniň 6-njy orny eýeleýändigini bilýäňizmi?

BMG-nyň Bütindünýä syýahatçylyk düzüminiň görkezijilerine görä, Türkiýe 45 milliondan gowrak syýahatçy sany bilen dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň hatarynda ýer alýar.

Taryhy we medeni baýlyklary bilen ünsleri özüne çekýän Türkiýä her ýyl Hytaýdan Russiýa, Germaniýadan Irlandiýa, Günorta Koreýadan Ýaponiýa çenli 100-den gowrak ýurtdan millionlarça adam gelýär.

Üç uly imperiýa paýtagtlyk eden, iki materikde ýerleşýän dünýäniň iň uly şäheri bolan Stambul, mawy deňizi, arassa gumakly plýažlary, tebigi gözellikleri bilen Antalýa we Mugla, arhitekturasy we taryhy bilen Edirne, dünýäde iň köp syýahat edilýän ilkinji 100 şäheriň hatarynda ýer alýar.

Türkiýede syýahatçylykdan gyşky sporda,  saglyk turizminden tebigat ýörişine çenli medeni we dini taýdan dürli çäreler geçirilýär.

Baý taryhy geçmişe eýe bolan Türkiýe şol bir wagtda medeni we taryhy geçmişi bilen hem dünýäniň seýrek gabat gelýän ýurtlaryndan biri.

UNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda Türkiýeden jemi 19 medeni miras ýer alýar.

Dünýäniň wagtlaýyn medeni miras sanawynda bolsa Türkiýeden jemi 84 miras ýer alýar.

 

 



Degişli Habarlar