Zweroboý, ýagny sary gülli derman ösümliginiň peýdalary

Zweroboý, halk dilinde maýasyl oty ýa-da binbirdirek oty hökmünde-de atlandyrylýar.

1908002
Zweroboý, ýagny sary gülli derman ösümliginiň peýdalary

Sary gülli derman ösümliginiň peýdalary:

 Zweroboýyň gülleriniň ýygylyp, işlenmegi we zeýtun ýagy bilen birleşdirilmegi netijesinde Zweroboý ýagy alynýar. Şol ýag esasanda ýaralaryň çalt gutulmagy üçin ulanylýar. Gyzyl Zweroboý ýagy bolsa gyzyl reňkli bolýar.

Zweroboý ýagy nähili alynýar?

Sary Zweroboý ýagyny almak üçin iň giňden ýaýran usul şeýle: 100 gram ter ýa-da guradylan Zweroboý ösümliginiň gülüni üwäp, 250 gram zeýtun ýagyna goşmaly. Şol ergin 30 günüň dowamynda çaýkalyp, günüň aşagynda goýulmaly. 30 gün soň süzmeli. Ter Zweroboý güli ulanylsa ýagyň reňki gyzyl, guradylan güllerden edilende bolsa ýagyň reňki sary bolýar. Netijelilik taýdan ikisem peýdalydyr.

Zweroboý çaýyny nähili taýýarlamaly?

1 käse gyzgyn suwa 2,5-3 çaý çemçesi guradylan zweroboý otuny goşuň we 10 minut demläň. Demlenen çaýy süzüp, işdä bilen içiň.

Zweroboý oty gaýnadylmaly däl, gaýnan suwa salynyp demlenmeli.

Zweroboý ýagynyň peýdalary

1-Mikroplaryň öňüni alyjy özbolyşlygy bardyr.

Bu ýag, bakteriýalary köpelmeginiň öňüni alyp, olary ýok edýär. Düzüminde zweroboý ýagy bolan melhem ýanyklaryň gutulmagy üçin peýdalydyr.

İriňi aýyryjy hökmünde kabul edilýär

İriňi aýyryjy täsiri bardyr we ýokançlara garşy peýdalydyr.

Zweroboý ýagy wirusy, bakteriýany we kömelekleri hem aýyrmak üçin peýdalydyr. Deride şol mikroplar sebäpli ýüze çykýan ýokançlar üçin hem ulanylýar. Aýak kömelegi, uçuk, deride ýüze çykýan iriňlenmeleri aýyrýar.

Ýaralaryň gutulmagy üçin peýdalydyr

Zweroboý ýagynyň ýaralaryň gutulmagyny çaltlandyrýandygy bilinýär. Şol birwagtda-da ýag dokumany bejerýändigi üçin fibroz dokumanyň ýüze çykmagynyň hem öňüni alýar.

Siňiriş ulgamyny rahatlandyrýar

Aşgazan ýarasy we garyn çişmesi ýaly ýarawsyzlyklarda zwerboý çaýy, gastrit, reflýuks, gubuzlyk we ýellenme üçin hem ulanmak maslahat berilýär.,

 Zweroboý ýagynyň derä peýdalary

Deriniň guramagynyň öňüni almak we esasanda ýygydan gabat gelinýän siňňilleriň aýrylmagy hem-de ökjäniň çaýryklary üçin zwerboý ýagy bilen massaž etmek maslahat berilýär.

Deriniň hilini ýokarlandyrýar

Zweroboý ýagynyň tropiki tejribesi tebigy ýaglar bilen derini çyglandyrýandygyny ýüze çykardy. Deriniň garramagynyň öňüni alýandygy kesgitlendi. Kadaly ulanylan halatynda derini dykyzlaşdyryp, ýygyrtlary azaldýar. Umuman deriniň görnüşini gowulandyrýar.

Saçyň dökülmeginiň öňüni alýar

Zweroboý ýagy düzümindäki baý elementleri bilen saçy we saçyň köküni besleýändigi üçin saçyň dökülmeginiň öňüni alýar. Saçy güýçlendirýär we gürleşdirýär. Saçyň derisindäki goňagy, egzemany aýyrmak üçin peýdalydyr.

Zweroboý ýagy deride nähili ulanylmaly?

Zweroboý ýagy deride ýaranyň gutulmagy, deri ýokançlary, egzema ýaly dürli deri keselleri üçin derä çalynyp, ulanylmaly. Kadaly ulanylmagy hem hassalyklaryň gutulmagy hem-de olaryň öňüni alynmagy üçin möhümdir.

Zweroboý ýagy hepde-de 1-2 gezek saç üçin ulanylmaly. Saç ýuwulmazdan azyndan 30 minut ozal saçyň derisine birnäçe minudyň dowamynda massaž edilip, çalynmaly. Soň saçy ýuwup, ýagdan saplamaly.

Zweroboý ýagynyň zyýanly täsirleri barmy?

Günüň şöhlesine sezewar bolunanda ünsli çemeleşmek maslahat berilýär. Sebäpli zwerboý ýagynyň derä çalynmasy, esasanda ynjyk derili adamlarda gün ýagynyň emele gelme howpuny artdyrýar.

Ýag agyry, gutulmaýan ýaralar, deride reaksiýalar ýaly adaty bolmadyk simptomlar ýüze çykan halatynda lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.

 Zweroboý ýagy kimler üçin zyýanly?

Ýürek-damar hassalygy bolanlar, göwreli aýallar, çaga emdirýänler we aşgazan asty mäzinde çişi bolanlar zwerboý ýagyny ulanmaly däl.

Rak keseli boýunça bejergi alýanlara we transplantasiýa edilen adamlara hem zwerboý ýagyny ulanmak maslahat berilmeýär.



Degişli Habarlar