Ysparta Bägül Ýagy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1908048
Ysparta Bägül Ýagy

Ysparta Bägül Ýagy

Bägül Ýagy Türkiyäniň Ortaýer deňizi sebitinde ýerleşýän Ysparta şäheriniň nyşanydyr. Taryhda ençeme ugurda ulanylan bägül, şol bir wagtda bägül ýagynyň çigmalyny hem emele getirýär.

Türkiyede bägüliň 25 görnüşi bolmagyna garamazdan, Ysparta bägüli senagat pudagynda ulanylýan iň öndürijilikli görnüşidir.

Bägül ýagy Yspartanyň Söwda biržasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2019-njy ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Bägül ösümligi aram klimata eýe, howaly we ýagty meýdanlary, ýaz paslynda gurakçylyk we doňaklyk bolmaýan, gülleýän wagtlary bolsa çyg bolan ýerleri halaýan ösümlikdir.

Gülleme wagtynyň soňky günleri bolan iýul aýynda bägül gülleri el bilen ýeke-ýeke ýygnananydan soň, buga öwürip saplamak maksady bilen “Imbik” diýip atlandyrylýan gaýnadyp arassalaýan gazanlarda suw goşulyp gaýnadylýar.

Şol usul bilen imbikiň içine, ýagny ortaça 45 litr suwuň içine 15 kg täze bägül gülleri goýulýar we iki sagatlap gaýnadylýar.

Şol usul 3 gezek gaýtalananyndan soň, suwuň we ýagyň biri-birinden aýrylmagy üçin ergin soňky gezek gaýnadyp arassalanýar we şonuň netijesinde takmynan 15 litrlik bägüliň ýagy alynýar.

Ysparta bägül ýagy kosmetika senagatynda we datlylarda giňden ulanylýar.


Etiketkalar: #bägül ýagy , #Ysparta

Degişli Habarlar