Türkiýede ançous balygynyň özboluşly ýere eýedigini bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

1885790
Türkiýede ançous balygynyň özboluşly ýere eýedigini bilýäňizmi?

Dünýäniň çar tarapynda birnäçe ýurtda ýakyndan tanalýan we naharlary bişirilýän ançous, Türkiýäniň Gara deňiz sebitinde özboluşly ýere eýe. Türkiýede Gara deňiz diýlende ilkinjileriň hatarynda ançous balygy ýada düşýär. Ançous Gara deňiziň halky üçin esasy iýmitlerden biri.

Dünýäniň çar tarapyndaky deňizlerde bardygyna garamazdan hiçbir ýerde Gara deňizde bolşy ýaly sebitiň halkynyň durmuşy bilen beýle bitewileşmedi.

Gara deňiz sebitinde ançous, balykçylar üçin esasy girdeji çeşmesi bolman eýsem şol bir wagtda Gara deňiziň simwolydyr. Kenarýakasynda ýaşaýan gara deňizliler, yşgy, öýke-kinäni, gahar-gazaby, aýralygy gürrüň berýän aýdymlarynda, atalar sözünde we şygyrlarynda ançous balygyny giňden ulanýar. Ançous, aýdym sazdan edebiýata, folklordan syýasata, ykdysadyýetden sporda çenli birnäçe ugurda Gara deňiziň halkynyň ylham çeşmesidir.

Gündogar Gara deňiz sebitinde oktýabr aýynyň ikinji hepdesinde balykçylar ançous balyk tutma möwsüminiň bereketli bolmagy üçin doga edip we gurbanlyk mal öldürüp deňize girýärler.

Ançous Türkiýäniň çar tarapynda halanýandygyna garamazdan Gara deňiz aşhanasynyň we medeniýetiniň özenini emele getirýär.

Gara deňiz sebitinde demojakda ançous, ançous buglama, ançous palawy, ançous çorbasy, ançous katledi, ançous salady, ançous gutaby, ançously mekge jöwenli çörek ýaly birnäçe nahar bişirilýär.

Ançous sütlajy, ançously baklama datlysy we ançous mürrebbesi hem giňden tanalýar.

Gysgaça aýdanymyzda Türkiýede ançous balygy üçin göwrümi kiçi emma medeniýeti uly diýip bileris.

 

 


Etiketkalar: #balyk , #ançous , #Garadeňiz

Degişli Habarlar