Sanly döwüriň keseli-Fabbing

Bilesigelijiniň Bellikleri

1886934
Sanly döwüriň keseli-Fabbing

"Fabbing" sözi gündelik ýaşaýyş-durmuşymyzda ulanýan sözlerimiziň biri bolman biler, emma habaryňyz bolsada, habaryňyz bolmasada bu söz gündelik ýaşaýyşymyzyň bir bölegi ýagdaýyna geldi. Fabbing adamlaryň ykjam telefonlara garaşlylygynyň ýaşaýyş-drumuşymyza täsiri manysyny berýär.

TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Sanly döwüriň keseli-Fabbingiň” üstünde durup geçeris.

Soňky wagtlarda ynsanlaryň tehnologiýa garaşlylygy we olaryň görnüşleri adamlaryň başyndan geçirýän iň uly meseleleriň biri ýagdaýyna öwrüldi. Şol meseläniň görnüşleri ilki bada internet we oýun garaşlylygy bolan bolsa, ykjam telefonlaryň özgerdilmegi bilen  täze bir tapgyra geçildi.

Adamlaryň ykjam telefonlara garaşlylygy, iňlis dilindäki Phone (Telefon) we Snubbing (Hasap etmezlik, hyýanatçylykly ulanmak) sözlerinden emele gelen “Fabbing” sözi bilen kesgitlenilýär.

“Fabbing” sözi esasan hem töweregindäki adamlar bilen gürrüňdeş bolýarka ýa-da gatnaşykda bolan mahaly telefonlaryny ulanýan we gönüden siz bilen söhbetdeş bolýan adamlar üçin ulanylýar. 

ABŞ-da geçirilen ylmy-derňewde adamlaryň 98 göterimi şol ýagdaýa gabat gelendiklerini aýdýarlar. Ýagny gaýykda ýeke başyňyzadygyňyzy pikir edýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz.

“Fabbing” edilýän mahaly iň köp girilýän gollanma sosial media saýty TikTok gollanmasy bolýan bolsa, ondan soň Instagram, Twitter we Facebook ýaly gollanmalar gelýär.

Geçirilen ylmy-derňewleriň adamlaryň ýygy-ýygydan telefonlaryny açýandygyny görkezýär. Hatda telewizor görýän adamlaryň 99 göterimi hem şol bir wagtda ykjam telefonlary bilen wagt geçirýär.

Adamlaryň 90 göterimi ykjam telefonlaryny dowamly häsýetde hajathanada ulanýar we 75 göterimi ykjam telefonlarynda ünsleri sowulýandygy üçin hajathanada başlangyçda maksat edinen wagtlaryndan has köp wagt geçirýändiklerini aýdýarlar.

Irden oýanan pursadymyzdan başlap, agşam ýatýançak çenli ykjam telefonlarymyz bilen köp wagt geçirýäris. Sowalnama gatnaşan adamlaryň 86 göterimi agşam ýatmadan ozal, 82 göterimi bolsa irden oýananlaryndan soň telefonlaryna seredýändiklerini ýüze çykardy.

Geçirilen sowalnamalar adamlaryň ykjam telefonlara örän garaşlydygyny ýüze çykardy. Adamlaryň telefonlaryna gelen bildirişe gözegçilik etmeden garaşyp bilýän ortaça möhletleriniň 64 minutdygyny görkezýär.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, “Bilesigelijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň “Sanly döwüriň keseli fabbing” temaly bölümini diňlediňiz. Temanyň tekstini www.trt.net.tr/turkmen saýtyndan hem okap bilersiňiz. Mundan soňky bölümlerde görüşýänçäk çenli, Hoş sag boluň.



Degişli Habarlar