Erzinjan Tulum peýniri

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1883898
Erzinjan Tulum peýniri

Türkiýäniň Gündogar Anadoly sebitindäki Erzinjan welaýatynyň meşhur Tulum peýniri, Erzinjanyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2000-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Erzinjan Tulum peýniri, ak we sarymtyl reňkli, aňsatlyk bilen dargamaýan, iýilen mahaly özüne mahsus tagamyny ýeňillik bilen alyp bolýan, ýarym gaty görnüşli peýniriň bir görnüşidir.

Peýniriň taýýarlanmagyň esasy elementi, Akkaraman görnüşli goýunlardan alynýan we aprel-sentýabr aýlary aralygynda sagylan çyg süýtdir.

Peýniriň öndürilmegi üçin birnäçe gezek süzülýän süýt, 2 sagat töwerek saklananyndan soň, süýte şirden maýa goşular.

Basyrylan süýt, bir sagat soň, ýörite süzgüçlerden geçirilýär. 50 kilogramlyk torbala goýulyp, suwunyň süzülmegine garaşylan peýnir, takmynan 10 günläp agdarylyp garaşdyrylýar.

Ondan soň böleklere bölünen peýniriň üstüne Erzinjan welaýatynyň Kemah etrabyndan alynýan ýörite duz goşulyp, duzlamak işleri ýerine ýetiriler.

Biz matadan bolan torbalara goýulan peýnir, 10 günüň dowamynda suwunyň sykylmagy üçin garaşdyrylar. Erzinjan Tulum peýniri, ahyrynda bolsa geçiniň we goýunyň dersinden ýasalan torbalara goýulýar we sowadyjylara ýerleşdirilýär. Sowadyjylara ýerleşdirilen Erzinjan Tulum Peýniriň doly ýagdaýda taýar bolmagy üçin azyndan 4 aý wagt gerek.



Degişli Habarlar