Eskişehir Ýagly Gutaby (Çeburegi)

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1882370
Eskişehir Ýagly Gutaby (Çeburegi)

Türkiýäniň Iç Anadoly sebitinde ýerleşýän Eskişehir welaýatynyň meşhur Ýagly gutaby Eskişehir Söwda palatasynyň ýüz tutmasy netijesinde 2010-njy ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Ýagly gutabyň hamyry un, suw we duz ýaly önümlerden taýarlanýar.

Birnäçe wagt demi aldyrylanyndan soň, hamyrdan alynan kiçijek bölek hamyrlar oklaw bilen ýaýylýar.

Ýagly gutabyň etli içligi bolsa dogralan et, sogan, duz, suw we gara burç ýaly önümlerden taýarlanýar.

Tegelek ýaýylan hamyryň gyrasynda azajyk ýer goýulyp, hamyryň ýarsyna çenli inçe gatlak görnüşinde bir nahar çemçesi taýarlanan etli içlik goýulmaly.

Hamyryň beýleki bölegi bolsa etli içlik goýulan tarapyň üstüne ýapylmaly we gyralary hamyr kesiji gural bilen kesilmeli.

Gyralary kesilen we üsti beýleki ýarsy bilen ýapylan ýagly gutap ýarym aý görnüşini emele getirer.

Ýagly Gutap ondan soň bolsa gyzdyrylan ýagda taraplarynyň ikisi hem gyzarýança çenli bişirilmeli.

Gyzgyn ýagdaýda tabaklarda hödür edilýän ýagly gutap wilka we pyçak ulanylmadan el bilen iýmek mümkin.   



Degişli Habarlar