Dünýäniň iň uzak ýerine 4 sagatda gidip bolar

Bilesigelijiniň Bellikleri

1882365
Dünýäniň iň uzak ýerine 4 sagatda gidip bolar

Gipersonik uçuş tehnologiýasy bilen Stambuldan Nýu-Ýorka 1 sagat 40 minutda syýahat etmek göz öňünde tutulýar.

TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Dünýäniň iň uzak ýerine 4 sagatda gidip bilmek mümkinçiliginiň” üstünde durup geçeris.

Geljegi şekillendirýän ähli ýerde transport ugry tankydy ähmiýete eýedir. Belkem tehnologik ösüşiň iň möhüm görkezijileriniň biri hem şoldyr. Uçýan ulaglarymyz ýa-da teleportasiýa tehnologiýalarymyz bolmasada transport tehnologiýalary günsaýyn özgerýär.

Ýakyn gelejekde öňümize çykjak täze ýolagçy uçarlary sizi Stambuldan Nýu-Ýorka 2 sagatdan hem az bir wagtda äkidip biler. Supersonik uçarlar bilen başlan, emma arakesme berilen başdan geçirmeler gipersonik uçarlar bilen ýaňadandan başldylar. 

Konkordyň mirasyny özgerderler

Supersonik uçar pikiri 1960-njy ýyllaryň ortalarynda ýüze çykdy we 1970-nji ýyllardan 2003-nji ýylya çenli dowam etdi.

Ýolagçy uçar saparlary “Air France” we “British Airways” howa ýollary kärhanalary Konkord uçarlaryny hormatly dynç alyşa çykarmaklary bilen, 2003-nji ýylda dolulygyna tamam boldy.

Supersonik uçuş bir uçaryň sesiň tizliginden hem çalt uçmak manysyna gelýär. 18 müň 300 metr beýiklikdäki uçar, sagatda 1 müň 60 km-den hem tiz uçýar.

Häzirki wagtda ýolagçy daşamak boýunça üstünde işlenýän gipersonik uçarlaryň tizligi bolsa sesiň tizliginden 5 esse çalt tizlige ýetip biler. Ýagny sagatda 8 müň km tizlige çenli çykyp bilýär. 

Stambuldan Nýu-Ýorka amala aşyrylýan üznüksiz uçar saparlary adaty uçarlarda 10 sagat 40 minut dowam edýän bolsa, gipersonik uçarlar bilen şol wagt aralygy 1 sagat 40 minuda çenli azalar.

Dünýäniň iň uzak ýeri 4 sagat bolar

Supersonik uçuş saparlaryny gaýtaryp getirmek isleýän NASA, uçar öndüriji “Lockheed Martin” kärhanasy bilen bilelikde iş salyşýar.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän uçar kärhanasy “Boom Overture” atly supersonik uçary bilen, Konkord uçarlarynyň mirasyny özgerdýär. Kärhananyň maksady 100 dollara 4 sagadyň dowamynda dünýäniň islendik bir ýerine baryp bilmek. Emma şol tapgyryň öňünde uly päsgelçilikler bar.

Güwwüldi ses bilen bagly synaglar dowam edýär

Supersonik ýolagçy syýahaty bilen bagly 2 sany uly alada bar: Güwwüldili ses we hapalanma.

Ýokary tizlikde syýahat etmek üçin ulanyljak ýangyjyň mukdarynyň artmagy, şol uçar gatnawlaryndan has hem köp uglerodyň bölünip aýrylmagyna sebäp bolýar.

Şol uçar gatnawlarynda ozon gatlagyna hem uly zeper ýetýär. Mundan başgada ýokary derejedäki yssy howa uçarlaryň berkligi üçin howp emele getirýär.  

Sesiň tizliginden has çalt syýahat etmek, ýeriň ýüzünde gök gürrüldisi ýaly eşidilýän sonik partlama sebäp bolýar. “Boom” kärhanasy hem adyny şol ýerden alýar.

2030-njy ýyldan ozal ýola çykyp biler

NASA häzirki wagtda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda X-59 uçarlarynyň sesini synagdan geçirýär.

Supersonik uçar 2023-nji ýylda ilkinji gezek uçuş amala aşyrar we özüniň sessizdigini subut etmäge synanyşar.

Ähli zat ugruna bolup gitse 2030-njy ýyldan ozal şol uçarlar dünýäniň iki künjegini biri-biri bilen baglar.

Çeşme: TRT Haber

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, “Bilesigelijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň “Dünýäniň iň uzak ýerine 4 sagatda gidip bolar” temaly bölümini diňlediňiz. Temanyň tekstini www.trt.net.tr/turkmen saýtyndan hem okap bilersiňiz. Mundan soňky bölümlerde görüşýänçäk çenli, Hoş sag boluň.



Degişli Habarlar