Öli Deňiz

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1881859
Öli Deňiz

Fethiýedäki Öli deňiziň dünýäniň iň owadan plýažy hökmünde saýlanandygyny bilýäňizmi?

Öli deňiz Egeý sebitinde ýerleşýän Fethiýä degişli dynç alyş etrapçasy. Gök reňkiň ähli görnüşini özünde jemleýän deňizi, ak plýažy, tebigy gözellikleriň arasynda ýerleşýän taryhy galyndylary bilen Öli deňiz diňe Türkiýäniň däl, eýsem dünýäniň iň bir saýlama dynç alyş ýerlerinden biri. 2006-njy ýylda ýokary mukdarda ses bilen “dünýäniň iň owadan plýažy” diýip saýlanan Öli deňiz, şol bir wagtda-da “Blu Lagun” hökmünde-de bilinýär.

Taryhy iňňän irki döwürlere çenli uzap gidýän Öli deňiz Likiýalylarda “yşygyň we güneşiň diýary”, orta asyrlarda bolsa “alyş diýar” atlandyrylypdyr. Öli deňiz plýažy, “ýüzmek dolulygyna howpsuz we arassa” manysyny aňladýan Mawy baýdaklydyr. Ady ýaly hereketsiz, durgun köle meňzeýan Öli deňiz, iň tokunly günlerde-de asudalygyny gorap saklaýar. Deňiz şeýle asudadygna garamazdan iňňän arassa. Açyk deňiz akymy, gelip guýýan suwlar we tolkunlaryň täsiri bilen yzgiderli häsýetde täzelenýän Öli dňizde hiç haçan hapalanma bolmaýar.

Öli deňizde gezip görere we edere köp çäre bar. Eňňit paraşýutçylary üçin meşhur uçuş nokady bolan Babadagyň eteklerinde ýerleşýän Öli deňiz, ajaýyp panoramasy we howa şertleri dünýäniň iň amatly eňňit paraşýut giňişliginden biri. Ajaýyp tebigaty, kemping ýerleri, trekking ugurlary, süýji naharlary, eňňit paraşýuty we arheologik zolaklary bilen ýylyň her paslynda gezilmäge mynasyp.



Degişli Habarlar