Türk lokumynyň ýüzlerçe ýyllyk taryhynyň bardygyny bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, Giňdir Dünýe

1877843
Türk lokumynyň ýüzlerçe ýyllyk taryhynyň bardygyny bilýäňizmi?

Türk lokumynyň ýüzlerçe ýyllyk taryhynyň bardygyny bilýäňizmi?

Osmanly döwründe köşk aşhanasynyň esasy önümlerinden biri bolan türk lokumynyň ýüzlerçe ýyllyk taryhy bar. Lokumyň, Pars imperatorlygynda biziň eýýamymyzdan ozalky 226-njy we 652-nji ýyllaryň aralygynda höküm süren Sasanileriň esasy datlysy bolan “abhisadan” gelip çykýandygy bilinýär.

Anadolyda takmynan XV asyrda ýaňadandan saçaklary bezemäge başlan lokum, XVII asyrda meşhurlyk gazanan we uly talap bildirlen tagam ýagdaýyna gelýär.

XVIII asyrda jahankeşdeleriň üsti bilen Ýewropada hem tanalmaga başlanýar we baran her ýurdunda uly isleg bildirlen datlylardan biri bolýar.

Lokuma bolan talabyň artmagy sebäpli 1777-nji ýylda Osmanly döwründe lokum önümçiligi ýaýbaňlanýar. Lokum, ilkiler baldan, miwe şirelerinden we undan taýarlanýardy, wagtyň geçmegi dürlü önümleriden lokum taýarlanmaga başlanýar.

Türk lokumy umaman alnan türk kofesi bilen birlikde hödürlenýär. Soňky döwürde çaýyň ýanynda şekeriň ýerine lokum iýilýär.

Döwrümizde hozly, fundukly, pisseli, bägülli we miweli hökmünde taýarlanýan lokum, türk aşhanasynyň esasy datlylaryndan biri hökmünde giňden tanalýar.

 

 


Etiketkalar: #miwe , #datly , #lokum

Degişli Habarlar