Antiki Efes Şäheri

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1870327
Antiki Efes Şäheri

Dünýäniň 7 gudratyndan biri bolan Artemis ybadathanasynyň Türkiýede, antiki Efes şäherinde ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Izmiriň Selçuk etrabynyň çäklerinde ýerleşýäň Efes, dünýäniň bilinýän ilkinji ýaşaýyş ýerlerinden biri. Taryhy b.e.ozalky 8.000-nji ýyla çenli uzap gidýän Antiki Efes şäheri, esasy söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşmegi sebäpli taryh boýy ençeme medeniýete ýer eýeçiligini edipdir. Elenistik döwür, Rim imperiýasy, Wizantiýa imperiýasy, Osman imperiýasy ýaly tapawutly medeniýetlere şaýatlyk eden şäher, asyrlaryň dowamynda üznüksiz ýaşaýyş ýeri, syýasy we söwda merkezi bolupdyr.

Ajaýyp dizaýnlary bilen taryn iň belent ybadathanalaryndan we dünýäniň 7 gutratyndan biri bolan Artemis ybadathanasy bolsa, antiki Efes şäheriniň simwollaryndan biri. B.e.ozalky 550-nji ýylda gurlup gutarylan ybadathana, biziň eýýamymyzyn 400-nji ýyllarynda bolan ýangynda uly zyýan çekýär. Ybadathanada biziň günlerinize diňe mermer sütünler gelip ýetiodir.

Ýylda ortaça 1,5 million adamy kabul edýän Efesdäki arheologik gazuw agtaryşlar 125 ýyldan bäri dowam edýär. Heniz doly ýüze çykarylmadyk we Anadoly arheologiýasyna uly goşantlar goşmaga dowam edýän antiki Efes şäheri, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna goşuldy.

 


Etiketkalar: #ybadathana , #miras , #gadymy , #Efes

Degişli Habarlar