Agrama gözegçilik etmek üçin peýdaly ösümlikler

Saglygym baýlygym

1864541
Agrama gözegçilik etmek üçin peýdaly ösümlikler

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Agrama gözegçilik etmek üçin peýdaly ösümlikler hakynda maglumat bermekçi.

Ösümlikleriň we ösümlik çaýlarynyň metbolizmany çaltlandyrmagy netijesinde artykmaç semizlikden halas bolmak mümkin. Aýratynam künji ýagyny, rozmari ýagyny we limonuň gabygynyň ýagyny hem ýagyň üýşlen ýerlerine massaž edilip, çalmak maslahat berilýär.

Gök çaý

İnnän güýçli antioksidentdir. Yzgiderli gök çaý içmek, bedendäki toksinleriň işlenip çykarylmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde çişligi aýyryp, bedeniň ýagy işläp çykarmagy üçin şert döredýär.

Çaý ergininiň resepti:

  • 4 çaý çemçesi gök çaý,
  • 4 çaý çemçesi mat ýapragy,
  • 2 çaý çemçesi käkilik oty,
  • 2 çaý çemçesi düýedaban ýapragy,
  • 1 litr suw

 

Dalçyn

Ganyň düzümindäki süýjiniň mukdaryny kadalaşdyryp, metabolizmany herekete geçirýär. İşdäni azaldýar we dok duýmagy üpjün edýär.

  • Üwelen görnüşde süýde ýa-da gatyga goşup iýmek maslahat berilýär. Şeýlelikde içgeleriň kadaly işlemegi üpjün edilýär.
  • Üwelen görnüşde demlenen çaýa goşmak, çaýa ýokumly aromat goşýar.
  • Çybyjak görnüşindäki daljyny agyz suwy bilen sarp ediň. İçine limon, narpyz, petruşka we dalçyn bilen horlandyrýan ösümlik erginini taýýarlap bilersiňiz. 

 

Petruşka

Petruşka güýçli antioksidentlerden biridir. Çişligi aýyrýar we bedendäki ýagy aýyrmak üçin peýdalydyr.

Islege baglylykda gaýnan suwda demläp, çaý hökmünde-de içip bilersiňiz.

 

Petruşka-Limon Bejergisi:

Bir bag arassa we ter petruşkany bir çaşka limon suwy we bir käse suw bilen robotdon geçiriň. Gowy üwelen ergini için.

 Mat ýapragy

Duran metabolizmany hereket geçirip, artykmaç ýaglaryň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Şol bir wagtda-da dokluk duýgusyny emele getirip, işdäni azaldýar.

Gerek bolan önümler:

  • 1 nahar çemçesi guradylan ýa-da üwelen mate ýapragy
  • 200 milli lider suw
  •  

Taýýarlanyşy:

200 milli litr, ýagny 1 käse suwy gaýnadyň. Gaýnan suwa mate ýapragyy goşuň. Ýapragy 7-8 minut demläň.

 

Rozmari

Rozmari çaýyny çişligi aýyrmak we horlanmak üçin içmek maslahat berilýär. 1 çaý çemçesi rozmarini gaýnan suwda demläň we kadaly için.

 

Petruşka

Ertirlik naharynda bir tutum ukrop iýmek maslahat berilýär.

Çitçiti

Bedendäki çişiň aýrylmagy we ýagyň eredilip, işlenip çykarylmagy taýdan iňňän peýdaly.

Zenjebil

Peşewiň işlenip çykarylyşyny çaltlandyýar we çişiň aýrylmagyny ýeňilleşdirýär.

  • Üwelen zenjebili çaý hökmünde içmek,
  • Agyz suwuna goşup, limon bilen bilelikde içmek maslahat berilýär.

 

Käkilik oty

Horlanmak üçin ilki bilen bedendäki çiş aýrylmaly. Soň bolsa ýagyň eredilme tapgyry başlaýar.

  • Käkilik otuny saladlara goşup ulanmak maslahat berilýär.
  • Gaýnan suwda demläp, käkilik oty çaýy bilen ýagyň bedenden zyňylymyny üpjün edip bilersiňiz.

 

Narpyz

Ter narpyzy saladlara, agyz suwuna, gatyga goşup, iýmek maslahat berilýär. Naharlara hem goşup bilersiňiz. Narpyz adamy tok tutýar we siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.

 

Gwozdika çaýy

     Gaýnan suwuň içine 2 sany gwozdika salyp, garaşdyryň. 1 çaý çeçmesi baş we bir nahar çemçesi alma sirkesini         gwozdikaly suwa goşuň. Gowy bulap, agzyny ýapyp sowadyň. Ergini ertirlik naharyndan 1 sagat öň içmek                    maslahat berilýär. Ergini bir aý möhlet bilen içip bilresiňiz.

 

Dalçyn we zenzebil çaýy

 

Gerek bolan önümler

1 gabyk dalçyn, bir kök zenjebil, 1 çaý çemçesi gara burç, 1 litr suw, 6 kakula, 2 sano gwozdika we 1 datly çemçesi bal.

 

Ak çaý

Günorta naharynda 2 çaşka ak çaý içip, bedende ýaglanmanyň öňüni alyp bilersiňis.



Degişli Habarlar