Ýewraziýa Syn

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana guran döwlet sapary

1858347
Ýewraziýa Syn
Mirziyayev Serdar Berdimuhamedov Özbekistan Türkmenistan.jpg
Sedar Berdimuhamedov Özbekistan'da-7.jpg
Serdar Berdimuhamedov Özbekistan'da-6.jpg
Serdar Berdimuhamedov Özbekistan'da-5.jpg
Serdar Berdimuhamedov Özbekistan'da-4.jpg
Serdar Berdimuhamedov Özbekistan'da-3.jpg
Serdar Berdimuhamedov Özbekistan'da.jpg

 

TSR-nyň Türkmen dilinde ýaýlyma berilýän Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana guran döwlet sapary hakynda maglumat bermekçi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygyna laýyklykda 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 14-15-i aralygynda Özbegistana döwlet saparyny gurady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy paýtagt Daşkentde Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow garşylady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäginde ilki Täze Özbegistan seýilgähine baryp gül desselerini goýdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kuksaraýda Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi dabara bilen garşylady. Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri resmi garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdiler. İki lider soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda bilim, senagat, syýahatçylyk, oba hojalyk, transport we ykdysadyýet ýaly ugurlarda 19 şertnama baglaşyldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew metbugata beren beýannamasynda 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 902 million dollara barabar bolandygyny, 2022-nji ýylda şol sanyň 1 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýändiklerini, özara söwda mukdarynyň ilkinji gezek ýokarlandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäginde Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senadynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen hem duşuşdy. Duşuşykda özara we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji iýulda iki ýurduň lideri Özbegistanyň Samarkant şäherinde gitdi. Prezidentler Samarkant şäherini birlikde gezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň çäginde Özbegistanda dürli maslahatlar geçirildi. 2022-nji ýylyň 13-nji iýylynda Daşkentde Özbegistan we Türkmenistan: Hyzmatdaşlygyň täze taryhy tapgyrynda galkynyş prespektiwasy atly halkara konferensiýa geçirildi. Konferensiýada iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen arabaglanşykly dürli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-14-nji iýulda bolsa Buhara şäherinde Türkmen-özbek sebit forumy geçirildi. Forumda iki ýurduň arasynda 451 million dollarlyk hyzmatdaşlyk şertnamasynyň başladylandygy nygtaldy. Forumyň çäginde şeýle hem Özbek-Türkmen işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Daşkentde özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjek şertnamalara gol çekişildi. Diňe sebitde däl eýsem tutuş dünýäde suwyň ulanylmagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Özbegistan bilen Türkmenistan Amy derýanyň suwyny tygşytly ulanmak meselesinde ylalaşyk gazandy.

Aralyň guran we sebitiň çölleşmäge dowam edýän döwründe iki ýurduň arasynda gazanylan bu ylalaşyk, suwyň ulanylmagy meselesinde ýurtlaryň arasynda ýüze çykyp biljek düşnüşmezlikleriň öňüniň alynmagy taýdan diýseň möhüm.

Transport iki ýurt taýdan uly mümkinçilige eýe bolan ugurlardan biri. Liderler bu ugurda iki ýurduň arasynda edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini sentýabr aýynyň ortasynda Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle çakylyk diňe ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýän ýurtlara berilýär.

Jemläp aýdanymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilkinji döwlet saparyny doganlyk ýurt Özbegistana gurady we ady agzalýan sapar netijeli geçdi.

 



Degişli Habarlar