Pera Palas myhmanhanasynyň meşhur Orient Ekspress üçin gurlandygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1845178
Pera Palas myhmanhanasynyň meşhur Orient Ekspress üçin gurlandygyny bilýäňizmi?

Stambulyň taryhy Pera Palas myhmanhanasynyň meşhur Orient Ekspress üçin gurlandygyny bilýäňizmi?

1888-nji ýylda Parižde ugraýan we 80 sagat dowam eden ýolagçylykdan soň Stambula baryp ýetýän lýuks Orient Ekspressiň ýolagçylary ýokary derejeli býurokratlar, sungat ussatlary we aristokratlardy. Otlynyň saýlama ýolagçylary Stambula gelenlerinde ýokary standartlarda hili gowy myhmanhanalarda bolmak isleýärdi. Emma Stambula şeýle myhmanhana ýokdy. Şonuň üçin 1892-nji ýylda Pera Palasyň gurluşygyna başlanýar we üç ýylda gurlup gutarylýar.

Myhmanhana, Stambulyň medeni we jemgyýetçilik işleri depginli bolan, kiçi Ýewropa atlandyrylýan Beýogly Tepebaşy etrapçasynda ýerleşýär. Stambulyň iň kaşaň binalaryndan biri we Türkiýäniň Ýewropa ülňülerindäki ilkinji myhmanhanasy bolan Pera Palas 1895-nji ýylda ýörite banket bilen ulanmaga berilýär. Myhmanhana şol bir wagtda-da Stambulyň Osman köşklerinden daşgary elekrik togy berilen, ilkinji elektrik togy bilen işleýän lifti we ýyly suwy bolan binadyr.

1-nji Jahan urşundan bäri Stambulda ençeme möhüm waka şaýatlyk eden Pera Palas, Türkiýede bolşy ýaly halkara platformalarda-da möhüm simwol-bina özbolyşlygyna eýedir.


Etiketkalar: #otly , #myhmanhana , #Pera Palas

Degişli Habarlar