Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Sapary

Ýewraziýa Syn

1845197
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna guran sapary we iki ýurduň gatnaşyklarynda ýetilen sepgit hakynda durup geçmek isleýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa Federasiýasyna resmi sapar etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kremlde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. İki ýurduň prezidentleri daraldylan we giňeldilen formatda duşuşyklar geçirdiler. Russiýanyň Prezident Putin Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapara çakylygyny kabul edendigini aýtdy. Duşuşyklaryň ahyrynda iki ýurduň arsaynda 15 ylalaşyga gol çekişildi. Şeýlelikde iki ýurduň arasynda şu günki güne çenli gol çekişilen ylalaşyklaryň sany 300-e ýetdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guramagy, özara we sebitleýin gatnaşyklar taýdan möhüm ähmiýete eýe.

Metbugatyň wekilleri üçin guralan ýygnakda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dostluk ordenini gowşurdy. Putin aýratynam Russiýa-Türkmenistan strategik gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy hakynda jarnama gol goýandyklaryny nygtady we söwda mukdarynyň geçen ýyl 865 million dollara barabar bolandygyny beýan etdi. Prezident Berdimuhamedow bolsa pandemiýanyň dowamynda Russiýanyň ugradan sanjymlary üçin sagbolsun aýtdy.

Russiýa-Türkmenistan gatnaşyklary dürli platformalarda ösýär. Mysal üçin 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda 1-nji Merkezi Aziýa-Russiýa Federasiýasy Parlamentara Forumy we 1-nji Merkezi Aziýa-Russiýa Federasiýasy Zenanlar Dialogunyň geçirilendigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen saýlawda prezidentlige saýlanandan soň, Prezident hökmünde ilki iýun aýynyň 1-2-si aralygynda Saud Arabystanyna sapar edipdi. Hem ybadat hem-de ykdysady-söwda gatnaşyklary maksady bilen guralan bu sapar, Türkmenistanyň Prezidentiniň arap maýa goýumlaryna ähmiýet berýändigini görkezýär.

Prezident Berdimuhamedowyň ilkinji resmi saparyny Russiýa Federasiýasyna guramagy, bitarap daşary syýasat alyp barýan resmi Aşgabadyň daşary syýasatda ileri tutýan ugurlaryndan biriniň Russiýadygyny görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti içerki we daşary saparlarynda Russiýada öndürilen we Wladimir Putiniň hem ulanýan “Aurus Senat Limousine” ulagyna münýär.

Türkmenistanyň energetika, ulaglar ýaly strategik ugularda Russiýanyň uly maýa goýumlary bar. Halkara Günorta-Demirgazyk Ulag Geçelgesinde adybir ýurtlar möhüm pozisiýa eýeleýär. Türkmenistan esasanda Tatarystan bilen gowy ykdysady gatnaşyklar edýär.

4300 sany döwlet üpjünçilikli jemi 30 müňden gowrak türk ýaşlary Russiýada ýokary bilim alýar. Deňeşdirenimizde, soňky görkezijilere görä Türkiýede 18 müň türkmen ýaşlary ýokary bilim alýar. Kremldäki duşuşykda bilelikdäki Türkmen-Rus uniwersitetiniň açylmagy boýunça ylalaşyldy. Türkmen ýaşlary Russiýada Tatarystan, Adygeý, Garaçaý-Çerkes ýaly türk halklarynyň köplükde ýaşaýan respublikalarynda okamagy saýlap alýarlar.

Jemläp aýdanymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji daşary ýurt saparyny doganlyk türki dilli döwletlere däl, eýsem Russiýa etdi.



Degişli Habarlar