Dyrnak batmasy üçin käbir tebigy teklipleri

Saglygym Baýlygym

1826735
Dyrnak batmasy üçin käbir tebigy teklipleri

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda dyrnak batmasy üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi. Emma ilki bilen aýrylmaýa iriňli dyrnak batmasy bar bolsa, hökmany suratda lukmana ýüz tutmagy maslahat berýändigimizi ýatladasymyz gelýär.

Dyrnak batmasy esasan aýagyň başam barmagynda görülýän we aýak dyrnagynyň gyrasynyň derä batmagy netijesinde ýüze çykýan agyryly näsaglykdyr. Adaty durmuşymyza ýaramaz täsir ýetirýän aýak dyrnak batmasy, bejergi alynmasa, iriňlemä sebäp bolýar.

Dyrnak batmasyna tebigy çözgüt teklipleri:

Alma sirkesi

Eger-de dyrnak batmasy ýöremegiňize päsgel berýän bolsa; her gün agşam aýak dyrnaklaryňyzda ulanmak üçin bir gabyň içine alma sirkesi bilen suw guýuň. Aýagyňyzy şol erginiň içine 15 minudyň dowamynda sokuň.

Rahat jorap we aýakgap geýinmek:

Aýaga dar bolýan we gysýan joraplar hem-de aýakgaplaryň ýerine, has bol we aýagy gysmaýan önümleri geýiniň. Bejergi tapgyrynda aýakgap we jorap geýinmegiň ýerine çepek we çypbyk geýinmek maslahat berilýär.

Batyk dyrnak goraýyjy:

Şol goraýyjylar barmagyň daşynda halka görnüşinde durýan ýa-da barmaga dakylýan görnüşde dizaýn edilendir.

Sabynly suw

Esasanda zeýtun ýagly sabynlary ulansaňyz, dyrnagyň aşagynda emele gelen iriňiň arassalanmagy üçin peýdalydyr.

Günüň dowamynda aýaklaryňyzy 15 minutlap sabynly suwa sokuň we soň dyrnaklaryňyzy arassalaň.

 

Çaý Agajynyň ýagy

Çaý agajynyň ýagy, antioksident we antiseptik ösümlik ýagydyr. Deride emele gelýän çiş we gijilewük üçin ulanylýar. Dyrnak batmasyndan biynjalyk bolýanlar her gije uklamazdan ozal çaý agajynyň ýagy bilen massaž edip bilerler.

 

Sarymsak

Dyrnak batmasy üçin 1 diş sarymsagy pýure görnüşine getirip, dyrnak batan barmaga çalmaly. 1 sagat soň aýaklar ýuwulmaly.

 

Kalendula gülüniň ýagy

Pagta 2 damja kalendula ýagyny damdyryň we ony dyrnak batan barmagyňyzyň üstüne goýuň. Näçe köp garaşdyrylsa, dyrnagyň düýbünde emele gelen agyryny we irini has gowy aýyrar. Dyrnak batmasynyň gysga wagtda aýrylmagyny isleýän bolsaňyz, kalendula ýagyny ýygy-ýygydan ulanyň.

 

Bal we limon suwy

Dyrnak batmasy sebäpli barmaklaryň gyzarmagy we çişmegi, bally limonly suw bilen aýrylýar. 1 çaý çemçesi bala birnäçe damja limon suwuny goşup, ony dyrnaklaryňyza çalyň. Daşyny hasa bilen daňyň we birnäçe wagt garaşyň.

 

Krapiwa oty

Bir owuç ýaşyl krapiwa otuny alyn we suwda gaýnadyp, ony ezin. Sowandan soň dyrnak batan ýere çalyp, 10-15 minut garaşyň.

 

Käkilik otly suw

Käkilik otunyň çaýyny uly legene guýup, aýaklaryňyzy oňa sokuň. Hepdede bir gezek gaýtalamak dyrnak batmasy biynjalygyny azaldar. Şeýle-de batyk aýrylýança dyrnagyňyzy almaň.

 

Dyrnak batmasynyň öňüni almak üçin nämeler edilmeli;

·        Dyrnaklaryňyzy gysga almaň.

·        Dyrnak alýarkaňyz tegelek almaň, ýarym aý görnüşinde alyň.

·        Pagta jorap geýiniň we çorabyňyzy her gün çalyşyň.

·        Dyrnak batmasy mahaly ujy açyk aýakgap geýinmek maslahat berilýär.

·        Dar we inçe uçly, ökçeli aýakgaplary geýinmek maslahat berilmeýär.

·        Eger-de dyrnaklaryňzy özüňiz alyp bilmeýän bolsaňyz, dyrnaklaryňyza ynamdar ýerde seretdiriň.

·        Aýaklaryňyzy gurak saklajak boluň.

·       Aýrylmaýaň iriňli dyrnak batmaňyz bar bolsa, hökmany suratda lukmana görüniň.



Degişli Habarlar