Gyrgyzstan-Azerbaýjan Gatnaşyklary Ösýär

Ýewraziýa Syn

1820921
Gyrgyzstan-Azerbaýjan Gatnaşyklary Ösýär

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyzstanyň Prezidentiniň Azerbaýjana guran resmi sapary we Gyrgyzstan-Azerbaýjan gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň 19-20-nji aprelinde Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Azerbaýanjana ilkinji resmi saparyny gurady. Prezident Japarow 19-njy aprelde Azerbaýjanyň milli lideri Haýdar Aliýewiň gubyryna we Şehitler hyýabanyna gül desselerini goýdy.

20-nji aprelde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Japarowy Bakuwdaky Zagulba köşkünde dabara bilen garşylady. Resmi garşylama dabarasyndan soň liderler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda İlham Aliýew Gyrgyzstan bilen ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdi. Sadyr Japarow Haýdar Aliýewiň döwründen bäri Gyrgyzstan-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini nygtady we Azerbaýjanyň doganlyk ýurtlardan biridigini beýan etdi. İki ýurduň döwlet ýolbaşçylary söwda we ykdysadyýet, ulaglar, oba hojalyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy, maýa goýum taslamalary boýunça pikir alyşdylar we sebitleýin howpsuzlyk meselelerini seljerdiler.

Özara duşuşykdan soň liderleriň ýolbaşçylyk etmeginde toparara gepleşikler geçirildi. Duşuşyklardan soň Aliýew we Japarow Azerbaýjan bilen Gyrgyzstanyň arasynda Strategik ýaranlyk boýunça jarnama we Azerbaýjan Respublikasy bilen Gyrgyzstan Respublikasynyň arasynda Döwletara geňeşiň döredilmegi hakyndaky Ylalaşyga gol çekişdiler. Şeýlelikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik ýaranlyk derejesine göterildi. Gol çekiş dabarasynda şeýle-de maliýe, oba hojalyk, aragatnaşyk, howa aragatnaşygy, intellektual eýeçilik, media, bilim pudaklarynda 8 ylalaşyga we şertnama degişli ministrler hem-de resmiler tarapyndan gol çekildi.

Prezident Sadyr Japarow 2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde azerbaýjanly işewürler bilen duşuşdy. Duşuşykda Gyrgyzstanyň maýa goýum şertleri tanyşdyryldy. Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň maýa goýum gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek boýunça ähtnama gol çekişildi.

Gyrgyz Prezidenti soň bolsa Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşyldy.

Prezident Japarowyň Azerbaýjana sapary global we sebitleýin syýasatda durnuksyzlygyň höküm sürýän döwründe amala aşdy. Türk dünýäsiniň halkara arenada hyzmatdaşlyk etmegi taýdan türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýokary derejede bolmaly. Şol çäkde Prezident Japarowyň Bakuwa sapary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Azerbaýjanyň Gazagystandan daşgary türki dilli döwletler bilen özara gatnaşyklary islenen derejede däldi. Emma resmi Bakuwyň soňky ýyllarda adybir ýurtlar bilen gatnaşyklary ösýär. Mysal üçin Türkmenistan blen Hazardaky düşnüşmezlik çözüldi. Özbegistan bilen gatnaşyklaryň depgini güýçlendi. İndi bolsa oňa Gyrgyzstan bilen gatnaşyklaryň strtegik ýaranlyk derejesine göterilmegi goşuldy.

Halkara transport ulgamynda Orta geçelgäniň işjeň ulanylmagy Azerbaýjanyň başda durmagynda ähli türki dilli döwletleriň bähbidinedir. Gepleşikleri soňky tapgyra gelen Hytaý-Gyrgyzstn-Özbegistan demir ýoly taslamasy Gyrgyzstan bilen Azerbaýjany birek-birege hasam ýakynlaşdyrýan taslamadyr.

Jemläp aýdanymyzda Japarowyň Azerbaýjana sapary netije geçdi.



Degişli Habarlar