Albaniýanyň Premýer-Ministriniň Azerbaýjana Sapary

Ýewraziýa Syn

1816939
Albaniýanyň Premýer-Ministriniň Azerbaýjana Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Albaniýanyň Premýer-ministrinin Azerbaýjana guran sapar hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň aprel aýynyň 14-15-i aralygynda Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar gurady. 14-nji aprelde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň özara duşuşygy geçirildi. Duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň başda durmagynda özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy. Edi Rama Azerbaýjany, adalaty, Azerbaýjanyň taryhy hukuklaryny elmydama goldaýandyklaryny beýan edip, Azerbaýjanyň goňşy Ermenistan bilen parahatçylykly we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrundaky tagallalaryny goldaýandyklaryny nygtady. Albaniýanyň Premýer-ministri Türkiýäniň Albaniýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky möhüm köpri bolup durýandygyny hem beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Ilham Aliýewi ýurduna çagyrdy.

Edi Rama şol gün saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow we Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen özara duşuşyklar geçirdi. Asadaw we Rama söwda hem-de ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar. Mälim bolşy ýaly Albaniýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda mukdary 2021-nji ýylda 4,9 million dollara barabar boldy. Iki ýurduň parlamentara dostluk toparlary iş alyp barýar.

Premýer-ministr Edi Rama Bakuwda Şehitler Hyýabanyny hem zyýarat etdi.

Albaniýanyň Premýer-ministri Rama geljek ýyl Azerbaýjan bilen özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçjekdiklerini we Albaniýada bir hepde Azerbaýjanyň medeniýet günleriniň geçiriljekdigini, iki taraply ilçihanalarynyň açylmagynyň hem möhümdigini beýan etdi. Mälim bolşy ýaly Azerbaýjanyň Afynyda Ilçisi şol bir wagtda-da Tirana Ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýewropa ýurtlarynyň rus tebigy gazyna garaşlylygy azaltmak ugrundaky tagallalary gün tertibindäki ornuny gorap saklaýan bolsa, Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Balkan ýurtlaryna eksportunyň artdyrylmagyň ähmiýeti hasam güýçlenýär. Ýewropa ýurtlary gün, ýel ýaly gaýtadan işlenýän energiýa serişdelerine üns berýän hem bolsalar, onuň gysga möhletde iş ýüzüne geçmegi ýeňil däl. Şol sebäpli Hazaryň energiýa serişdeleriniň Günorta tebigy gaz koridory bilen günbatara ýetirilmegi mundan soň gün tertibindäki esasy meselelerden biri bolmaga dowam eder. Käbir bilermenleriň beýan etmegine görä Albaniýa şol çäkde Balkanlardaky esasy üstaşyr geçiş ýurt bolup biler. Sebäbi Albaniýa Günorta tebigy gaz koridorunyň dowam bolan Trans Adriatik tebigy gaz geçirisiniň esasy ýurdy. Aýratynam resmi Tirananyň energiýada gündogar bilen gübataryň arasynda esasy üstaşyr geçiş ýurt bolan Türkiýe bilen ýokary derejeli gatnaşyklary bar. Hazaryň energiýa serişdeleriniň günbatara eksportunyň artdyrylmagy boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammit möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňizindäki energiýa serişdeleriniň bölüşilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Albaniýa we Azerbaýjan BMG, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk gurmasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýaly ençeme halkara guramalarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler.

Jemläp aýdanymyzda Edi Ramanyň Azerbaýjana sapary özara we sebitleýin hyzmatdaşlygyn ösdürilmegi taýdan netijeli geçdi.



Degişli Habarlar